Başlangyç synplarda sapagy işjeň guramak
Häzirki ajaýyp döwrümizde röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller çuňňur aladalar bilen gurşalandyr. Bu ajaýyp döwrüň mugallymy bolmak döredijilikli zähmet çekmegi, ýokary başarjaňlygy talap edýär. Esasan-da, başlangyç synp okuwçylaryny okatmakda işjeň we kämil usullary bilmek zerurdyr, şonuň ýaly-da, okatmak, öwretmek bilen bilelikde başlangyç synpa gelen okuwçylar bilen mähirli we sabyrly arabaglanyşygy gurap bilmek mugallymyň baş maksadyna öwrülmeli. Ýaňy mekdebe gatnap başlan okuwçylary mekdebe öwrenişdirmek köp zähmeti talap edýär. Her bir okuwçy mugallymyň aladasyny duýanda, okamaga, öwrenmäge ymtylyp başlaýar.
Mugallym harpy ýa-da sany öwredip we ýazdyryp başlanda, okuwçylar hem öýe berilýän ýumuşlary belläp alýarlar. Ine, şu ýerde mugallym howlukmaly däl-de, okuwçynyň doly belläp almagyny gazanmaly. Şunda okuwçy düşünmän sorasa, şol wagt mugallym täzeden düşündirse we ýazdyrsa, okuwçy öý işlerini dogry belläp alýar we üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. Esasan hem, harplar we sanlar depderlerine ýazdyrylanda okuwçylara üns berlip, howlukman öwredilse, başlangyç synp pedagogikasy öz mazmunyna eýe bolýar. Sebäbi ýazdyrylyp öwredilende, okuwçy temany çalt özleşdirýär. Bu usul ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýär. Munuň üçin mugallymyň irginsiz we sabyrly zähmeti zerurdyr.
Mugallym harplary öwredýän wagty çagalara olary elipbiý tertibinde öwrenmegi hemişe ýatlatmaly. Sanlar geçilýän wagtynda-da olary yzygiderlilikde öwrenmegi tabşyrmaly. Şonda harplar we sanlar okuwçylaryň ýadynda has oňat galýar. Multimedia tagtasynda sanlar we harplar bilen baglanyşykly suratlary hem-de şekilleri, slaýdlary görkezmek geçilýän temanyň okuwçylaryň çalt özleşdirmeklerini gazanmagyna ýardam edýär. Harplary we sanlary okuwçylara görkezmek arkaly öwretmek olarda görüş ýatkeşligini ösdürýär.
Umuman, öwretmegiň işjeň usullaryny tapyp, olardan ýerlikli peýdalanmak başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýär. Mugallym sapakda näçe köp usullary ulanyp bilse, okuwçylar hem şonça köp maglumaty öwrenip bilmek ukybyna eýe bolýar. Sebäbi mugallymyň sapaga döredijilikli çemeleşmegi okuwçylaryň temany özleşdiriş ukyplaryny artdyrýar.
Ogulkeýik ANNABERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň mugallymy.



















