Aşgabat — Aziýanyň merjeni
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat tutuş sebitde işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda halkara forumlar, sergi-ýarmarkalar, ylmy maslahatlar, duşuşyklar, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller gatnaşýarlar. Ata Watanymyzda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha dabaralanýar. Ýurdumuz goňşy döwletler bilen iki taraplaýyn bähbitli, ynamly we berk dostlukly hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky «Aşgabat» seýilgähi bilen ak mermerli Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähi bu sarsmaz dostlugyň aýdyň subutnamasydyr.
Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda «Aşgabat» seýilgähiniň, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa gözel paýtagtymyzda «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň açylyp ulanylmaga berilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkemegine uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoyewiň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen «Daşkent» dynç alyş seýilgähi diňe bir dynç alyş meýdançasy däl-de, eýsem, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň özara baglanyşýan ýeri bolup durýar. Seýilgähe dynç almaga gelen çagalar üçin ýörite niýetlenen oýun meýdançalarynyň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň, şeýle hem medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçün ýörite meýdançanyň özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelmegi göwnüňi göterýär. Ajaýyp «Daşkent» dynç alyş seýilgähi halklaryň arasyndaky dostlugyň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber sagbolsun aýdýarys.
Nurana BUZLYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Çeşmesi: Aşgabat gazeti



















