Nurana geljegiň şamçyragy
Haýsydyr bir döwletiň geljegi hakynda pikir öwreniňde, bada-bat onuň ýaş nesilleri hakydaňa gelýär. Sebäbi ýaşlar — biziň nurana geljegimiziň şamçyragy, bagtyýar ertirleriň buşlukçylary. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesillere hemmetaraplaýyn uly üns berilmegi halkymyzyň aýdyň geljeginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara serpaý eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr.
Her bir güni toý-baýramlara, ösüş-özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýady has-da berkidilip, ýaş raýatlar üçin ähli ulgamlarda giň mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Muňa häzirki wagtda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň uly üstünliklere beslenip geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde: «Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin. Munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn» diýip nygtamagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňde duran maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandyklaryny, olaryň jemgyýetimizdäki möhüm ornuny hem ähmiýetini açyp görkezýär. Bu maksatnamanyň kabul edilmegi ýaşlaryň dürli ugurlardaky mümkinçiliklerini giňeldip, olar barada durmuşa geçirilýän tutumly işleriň binýadyny has-da berkidýär.
Innowasion tehnologiýalaryň barha ösýän döwründe ýaşlaryň ylym-bilim alyp, dürli hünärleri, dünýä dillerini öwrenmekleri, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy şu günüň esasy talabydyr. Çünki ylym-bilim bagtyýar günlere badalga berip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ýardam edýär. Ylym-bilim adama hemişe aýdyň ýollary, gözel günleri, ajaýyp ýeňişleri, uly üstünlikleri peşgeş berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ylym hem-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýaşlaryň ýokary sepgitlere ýetmeklerine uly üns berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň altyn güýzünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem ata Watanymyzda nurana geljegimiz bolan ýaş nesiller hakdaky aladanyň nobatdaky subutnamasydyr.
Umuman, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir döwletli işleriň düýp özeninde ýaşlar baradaky aladany görmek bolýar. Bu bolsa geljekki abadan, bagtyýar, röwşen günlerimiziň çelgisidir. Ýaşlaryň dürli ugurlarda uly üstünlikleri gazanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýaşlary döwletimiziň kuwwatly güýji hökmünde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä asudalygyna gönükdirilen belent maksatly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Tylla MYRATDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



















