Köpdilli bilimde döwrebap tejribeler
Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýardamy bilen «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly mowzukda guralan çärä degişli ýurtlaryň bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary komissarlygynyň dürli döwletlerdäki bilermenleri gatnaşdylar.
Ilki bilen, çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri köpdilli bilim boýunça milli tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Çykyş edenler häzirki wagtda dünýäde ýörgünli daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, etniki taýdan tapawutly ýerli ýaşaýjylaryň öz ene dillerinde bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler barada maglumat berdiler. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ylym-bilim ulgamy boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň wekilleri «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda bu ugurda durmuşa geçirilen giň gerimli işlere aýratyn üns çekdiler. Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamy döwrüň şertlerine, innowasion tehnologiýalaryň ýerlikli we netijeli peýdalanylmagyna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwrebap bilim, ilkinji nobatda, mugallymyň hünär başarnygyna we işjeňligine baglydyr. Munuň üçin mugallymlaryň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Öňdebaryjy daşary ýurt bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli okuw sapaklarynyň guralmagy tejribeleriň baýlaşmagyna getirýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ses we wideo ýazgylary, kompýuter programmalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda daşary ýurt dillerinde okatmaga ýöriteleşen mekdebe çenli, umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň ulgamy kemala getirildi.
Köpdillilik arkaly bilim işini kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtlarda gazanylan netijeler ýörite mejlisde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝHHG-niň bilermenleri anyk mysallar arkaly bu ugurda gazanylan görkezijiler barada gürrüň berdiler. Şunuň bilen baglylykda, köpdilli bilim gurşawynyň döredilmeginiň irki döwürden çagalarda birek-biregiň medeniýetine, däp-dessuryna we diline hormat goýmak endiklerini kemala getirýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, mugallymlary taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämil usullaryny öwrenmek we özara tejribe alyşmak boýunça sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi.
«Tegelek stol» duşuşygynyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Onda gatnaşyjylar bilim ulgamynda kesgitlenen wezipeleriň we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda toplumlaýyn esasda tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
(Ýörite habarçymyz).



















