Boý alsyn nesiller, saýaly baglar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn, terbiýeli, giň gözýetimli, bilimli we kämil bolup ýetişmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde iň döwrebap çagalar baglary, bilim we terbiýeçilik merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Häzirki döwürde tebigaty we daşky gurşawy goramak bütin dünýä döwletleriniň hem-de jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň wajyp meseleleriň biridir. Tebigaty söýmekde, ösümlik we haýwanat dünýäsini gözümiziň göreji deý goramakda, daş-töweregi arassa saklamakda, ilkinji nobatda, biziň her birimiziň körpelere görelde bolmagymyz gerek. Şu nukdaýnazardan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hökmünde üstümizdäki ýylyň mart aýyndan bäri paýtagtymyzyň çägindäki çagalar baglarynda «Watan», «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalarynyň wekillerinden düzülen toparymyz okuw-sapaklaryny geçirmegi dowam etdirýär. Her hepdede iki gün geçirilýän bu sapaklara körpeler uly höwes bilen gatnaşýarlar. Sapaklaryň meýilnamasy çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda düzülýär we duşuşyklaryň dowamynda döredijilik toparymyz tarapyndan taýýarlanan görkezme esbaplary peýdalanylýar. Çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmagy maksat edinip, ekologiýa medeniýetini ösdürmek bilen bagly wideorolikler görkezilýär. Kitaba söýgi döretmek, olaryň wagtynyň peýdaly geçmegini gazanmaga goşant goşmak maksady bilen, çagalar üçin niýetlenen kitaplardan ertekiler okalyp berilýär we olar boýunça sowal-jogap alşylýar.
Sapaklarymyzyň barşynda görkezilýän tebigatyň gözelliklerini, haýwanlaryň ýaşaýşyny we ösümlikleriň ösüşini gürrüň berýän gyzykly multfilmler çagalarda uly täsir galdyrýar. Multfilmleriň üsti bilen körpeler daşky gurşawa zeper ýetirmeli däldigine we tebigatymyzy aýawly saklamagyň wajypdygyna göz ýetirýär. Mundan başga-da, olar tebigat baradaky, Watanyň gözelligini wasp edýän, bagy-bossanlygy we pasyllary suratlandyrýan goşgulary we nakyllary uly buýsanç bilen aýdyp berýärler. Bu bolsa olaryň diňe bir tebigat baradaky düşünjelerini giňeltmän, eýsem, dil baýlygyny we çeper sözleýşini hem ösdürmäge ýardam edýär.
Häzirki wagta çenli paýtagtymyzyň çagalar baglarynyň 44-sinde geçirilen sapaklarymyza jemi 1100-den gowrak çaga işjeň gatnaşyp, daşky gurşawy goramagyň wajyplygy hem-de ekologiýa abadançylygy bilen bagly düşünjelerini baýlaşdyrdylar. Çagalaryň ýüzündäki şatlyk we olaryň tebigata bolan söýgüsi geçirýän işlerimiziň netije berýändigini görkezýär.
Ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmakda, olarda tebigatymyza bolan söýgini döretmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem ornunyň uludygyna ynanýarys. Döwürleýin neşirleriň sahypalarynda tebigatymyzy goramak bilen bagly bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär.Gazetimiziň redaksiýasynyň «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde yglan eden «Bagy-bossan Watanym!» atly bäsleşiginiň ýakynda öz ýeňijilerini sylaglamagy hem bu babatda alnyp barylýan işleriň bir mysalydyr. Şeýle hem ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we guramaklarynda «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň dabaraly açylmagy bu babatdaky işlerimizi has-da yhlasly dowam etdirmäge ruhlandyrdy. Çünki sergide ene topragymyzy, howa gurşawymyzy, suw serişdelerimizi goramagyň möhümdigi sungatyň dili bilen beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, çagalarda tebigata bolan söýgini artdyrmak Watanymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap şertlerde terbiýelenmegi, okamagy, döretmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylýan alkyş sözleri bolsa diňe bir körpeleriň däl, ähli halkymyzyň diliniň
senasyna, kalbynyň owazyna öwrülýär.
Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
«Watan».



















