Tehnologik özgertmeler, täze başlangyçlar
Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşi ählumumy ykdysady durnuklylygyň, howpsuzlygyň şerti bolup, döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamy ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça dünýä derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz 15-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşynda: «Sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem barha artýar. Emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynda halkara gün tertibinde sanly tehnologiýalary we emeli aňy ösdürmek bilen bagly wezipelere aýratyn üns çekilýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda hem-de diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça halkara kodeksi BMG-niň howandarlygynda işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmegi, emeli aňy ornaşdyrmagy, bu görkezijiler boýunça dünýäde bäsdeşlige ukyply orunlara çykmagy esasy wezipeleriň hatarynda belledi: «Tehnologik özgertme aýratyn üns berilmeli ugur bolup durýar. Bu ýerde men formatymyzyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşleri barada pikirlenmegi teklip edýärin. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda biziň Hi-Tech (Haý-tek) merkezlerimiziň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek, munuň üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugurlaryň biri bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly» şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar diýip hasaplaýaryn».
Döwlet Baştutanymyz bu meselelere 9-njy oktýabrda Awazada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde hem aýratyn üns berdi. Senagat we tehnologik hyzmatdaşlygyň, degişli ýurtlaryň çäklerinde önümçilik zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtady.
16-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde Türkmenistan howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş etdi.
Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlarydyr taslamalary emeli aňy ählumumy kadalaşdyryş, kiberhowpsuzlyk işlerinde, tehnologik standartlary utgaşdyrmakda, innowasiýalary we tejribeleri alyşmakda, bilelikde «akylly» taslamalary durmuşa geçirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Sanlylaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlyk sanly ykdysadyýeti, elektron söwdany, halkara töleg ulgamlaryny kämilleşdirmekde, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagynda, dünýäde söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmekde we başga-da birnäçe ugurda ösüşlere ýol açýar.
Şeýle giň gerimli halkara başlangyçlar bilen birlikde, ýurdumyzda telekommunikasiýalar ulgamyny, maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek bilen bagly dünýä nusgalyk taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!
Maýa MÖMINOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



















