Başlangyç synplarda matematikanyň ähmiýeti
Orta mekdepleriň başlangyç synplarynda sapagy işjeň, öwrediji we döwrebap usullarda guramak arkaly okuwçylaryň bilim dünýäsine ilkinji ädimleri ädilýär hem-de geljekki bilimiň berk binýady goýulýar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin çagalaryň sapaklara gyzyklanmasyny artdyrmak, haýsy derse höweslidigini duýmak hem-de ösdürmek başlangyç synp mugallymyndan zähmetsöýerligi, sabyrlylygy, işine täzeçil usullar we usulyýetler arkaly çemeleşmegi talap edýär.
Sapaklar şeýle usulda guralanda mugallymyň hem iş tejribesiniň baýlaşmagyna, ussatlygynyň artmagyna ýardam edýär.
Başlangyç synplarda matematika sapagy okuwçylaryň pikirleniş ukybyny, ýadyny we logiki pikirlenişini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Matematika sapagyny işjeň we döwrebap usullar bilen guramak geljegiň kämil şahsyýetlerini ýetişdirmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Bu sapagy netijeli guramakda dürli usullar ulanylýar. Şolaryň arasynda oýunlara aýratyn orun degişlidir. Öwrediji, ösdüriji oýunlar başlangyç synp okuwçylarynyň matematika bolan höwesini artdyryp, sapagy gyzykly guramaga ýardam edýär.
Meselem, «Sanlar dükany» oýnunda multimedia tagtada dükanyň şekili görkezilýär. Okuwçylar topara bölünip, alyjy we satyjy bolup, harytlaryň bahasyny hasaplaýarlar. Bu usul goşmak we aýyrmak amallaryny durmuş bilen baglanyşdyrmaga kömek edýär. «Kim tiz hasaplar?» oýnunda okuwçylar berlen meseleleri çalt we dogry çözmäge çalyşýarlar. Bu oýun çagalaryň ünsüni jemleýär we olaryň çalt hasaplama endigini ösdürýär.
Interaktiw usulda multimedia tagtasynda geçirilýän oýunlar okuwçylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Olar diňe bir diňleýji bolman, eýsem, sapaga işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, «Dogry jogaby saýla!» oýnunda interaktiw tagtada birnäçe jogap görkezilýär. Okuwçy berlen mysaly çözüp, dogry jogaby saýlaýar. «Sanlary ýerleşdir!» oýnunda bolsa okuwçylar sanlary kiçiden ulusyna ýa-da uludan kiçisine dogry tertipde ýerleşdirýärler. Bu oýun olarda san düşünjesini berkitmäge kömek edýär.
Toplanan tejribä esaslanyp aýdanymyzda, okatmagyň oýun usulynyň başlangyç synplar üçin has-da netijelidigini bellemek gerek. Mugallymyň döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy, interaktiw tagtalar we ýörite ykjam goşundylar sapagyň täsirliligini artdyrmaga ýardam edýär.
Şu ýerde matematika sapagynyň diňe bir şahsy başarnygy däl, eýsem, toparlaýyn pikir alyşmagy hem ösdürýändigini bellemek gerek. Okuwçylary 3-4 çagadan ybarat bolan kiçi toparlara bölüp, bilelikde mesele çözdürmek olarda birek-birege ýardam bermek, arkalaşyk duýgularyny ösdürýär.
Mugallymyň sapakda mysalyň ýa-da meseläniň çözüliş ýoluny göni aýtman, eýsem, çagany oňa eltýän soraglar bilen ugrukdyrmagy hem oňat netije berýär. Meselem, «Geliň, uly kwadratyň içine näçe sany kiçi kwadratyň sygýandygyny tapalyň!» diýen ýaly ýagdaý döredilende, okuwçylar ünsüni jemläp, oýlanyp başlaýarlar, olaryň logiki pikirlenmesi artýar.
Başlangyç synplarda matematika sapaklaryny döwrebap we işjeň usulda guramak, okuwçylarda bu ugra höwes döredýär. Öz wagtynda bu ugurdaky höwesi, yhlasy goldanylan okuwçy ýokary synplarda has çylşyrymly meseleleri, mysallary aňsatlyk bilen çözmäge ukyply bolýar. Şonuň üçin her bir başlangyç synp mugallymy döwrüň talaplaryna laýyklykda, öz iş usullaryna täzeçillikleri girizip, olary yzygiderli kämilleşdirip durmalydyr.
Gülsara JUMAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň mugallymy.



















