Milli pedagogik mirasyň köp asyrlyk taryhy baradaky kitap
Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köp jiltli neşiriň birinji jildi neşir edildi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu kitap Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan taýýarlanyldy. Biologiýa ylymlarynyň doktory S.K. Durdyýewiň ylmy redaksiýasy bilen neşir edilen okuw gollanmasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi.
Täze neşir türkmen halkynyň baý milli-ruhy mirasyny, şol sanda nesil terbiýesi bilen bagly asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgelerini ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen üstüni ýetirdi.
Neşirde iň gadymy döwürlerden XVI asyra çenli Türkmenistanda pedagogik pikiriň kemala gelşi, bilim ojaklarynyň döreýşi we ösüşi, ýaş nesli terbiýelemegiň hem-de okatmagyň taryhy giňişleýin beýan edilýär. Kitabyň mazmuny taryhy-medeni ýadygärliklere, ýazuw çeşmelerine, arheologik tapyndylara, halk döredijiliginiň eserlerine we baý etnopedagogik maglumatlara esaslanýar.
Iki bapdan, on bir bölümden we otuz bölümçeden ybarat bolan neşirde Gadymy Parfiýa we Göktürkmen döwletlerindäki pedagogik garaýyşlar, orta asyrlarda bilim ulgamynyň ösüşi, «Oguznama», «Gorkut ata» we «Görogly» ýaly milli mirasymyzyň nusgalarynda terbiýeçilik ýörelgeleriniň şöhlelenişi öz beýanyny tapýar. Şeýle-de Gündogaryň beýik akyldarlarynyň ylym, bilim we terbiýe baradaky garaýyşlaryna, «Kowusnama» eseriniň pedagogik ähmiýetine aýratyn orun berilýär.
Kitap ylmy işgärlere, mugallymlara, aspirantlara, talyplara, şeýle hem türkmen halkynyň milli terbiýeçilik mirasy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Neşirde ýerleşdirilen suratlar, çyzgylar we kartalar taryhy maglumatlaryň has aýdyň kabul edilmegine ýardam edýär.
Täze neşir türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bilim we terbiýeçilik däplerini öwrenmekde möhüm ylmy çeşme bolup, milli pedagogik mirasyň häzirki zaman bilim-terbiýeçilik ulgamyndaky ähmiýetini açyp görkezýär.
Bägül Jumaýewa



















