Söz sizden, Ýaşlar baýragynyň eýeleri!
— Kitap — ynsany kämillige ýetirýän iň ynamdar dost. Ol nesilleriň arasyndaky ruhy köpri. Şonuň üçin Watanymyzda ösüp gelýän nesli kitaba höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Kitaphana işine sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ulgamyň işgärleriniň hem tejribesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Şu talapdan ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri içgin özleşdirip, talyplarymyza döwrebap usullary öwredýäris. Ýaşlar baýragy ýaşlygymyzyň baýramy bolup, ykbalymyza aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle arzyly sylag-sarpanyň eýesi bolmak uly wezipeleri öňümizde goýýar. Belent ynama ygrarly ýaş hünärmen hökmünde geljekde kämil bilimli ýaşlary taýýarlamaga saldamly goşant goşarys.
Tawus ÖRÄÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy



















