Durnukly howa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde eden çuň many-mazmunly çykyşy, öňe süren başlangyçlary halkara derejede uly seslenme döretdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «COP31» maslahaty howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäredir.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlajakdygy baradaky hoş habary Türkmenistanyň durnukly howa dialogynyň merkezi hökmündäki ornuny has-da berkitdi. Gürrüňi edilýän sebit merkezi sebitiň oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmakda, suw serişdelerini tygşytlamakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy utgaşdyryjy düzümleriň birine öwrülip, howa şertlerine durnukly tehnologiýalardyr innowasiýalary ornaşdyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň geljekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy hem oba hojalygynyň dürli ugurlarynyň durnukly ösüşi üçin zerurdyr. Bu merkez ekerançylykda, öri meýdanlarynyň önüm berijiliginiň durnuklylygyny üpjün etmekde, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmakda, tebigaty tokaýlaşdyrmakda «ýaşyl» tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmakda möhüm orun eýelär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegi möhüm diýip hasaplaýar. Şu maksat bilen, maslahatyň çäklerinde «Awazadan Antalýa çenli: howa bilen bagly hereketleri ilerletmek we Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mowzuklaýyn sessiýanyň geçirilmegi örän netijeli boldy. Durnukly oba hojalyk önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, bu pudagy ylym we tehnologiýalar esasynda ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda aýratyn üns berlen ugurlaryň biridir.
Milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gürrüňi edilýän Çarçuwaly maksatnama (FAO) 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda gol çekilen Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy esasynda taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Ýurdumyz 1995-nji ýyldan bäri bu düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Onuň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda paýtagtymyzda geçirilen «Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme», Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek», Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak» hem-de «Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek» atly taslama resminamalaryna gol çekildi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda FAO bilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO) hem oba hojalygyny howa şertlerine uýgunlaşdyrmaga, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşar.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, suw üpjünçilik howpsuzlygynyň, ylmy-tehniki mümkinçilikleri has-da berkitmek maksady bilen kabul edildi. Ähtnamanyň çäginde geljekde suw serişdelerini dolandyrmak ugrunda ylmy-barlag işlerini alyp barmak we amaly çözgütler ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmagyň döwrebap usullaryny kämilleşdirmek, suw serişdeleriniň durnukly, netijeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, suw hojalyk ulgamynyň howa şertleriniň üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, suw howpsuzlygy ugrunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylym-bilim, tehnologiýalar, täzeçillikler babatda gatnaşyklara ýardam bermek maksat edinilýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynda (COP31) öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini hem-de many-mazmunyny talyplara, halk köpçüligine düşündirmek, jemgyýetçilige wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçiriljek işleriň meýilnamasy düzülip, ol işjeň durmuşa geçirilýär. Uniwersitetimizde Gahryman Arkadagymyzyň bu maslahatyň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzy durnukly ösüş ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Allaberdi GAPUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor.



















