Çagalar — biziň geljegimiz
Her ýylyň 20-nji noýabrynda dünýä jemgyýetçiligi Bütindünýä çagalar gününi belleýär. 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan bu şanly sene ýaş nesliň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine, çagalaryň sesiniň diňlenmegine hem-de olaryň sagdyn, bilimli we bagtyýar ösmegi üçin halkara tagallalaryň jebisleşdirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda hem bu gün döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneligi we çagalygy goramak, ösüp barýan nesli hemmetaraplaýyn goldamak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşyp, uly ynsanperwer ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak däplerinde çaga «ömrüň dowamaty», «öýüň bezegi» hasaplanýar. Şu milli gymmatlyklaryň umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşmagy netijesinde ýurdumyzda çagalar baradaky alada döwlet derejesinde yzygiderli we maksatnamalaýyn häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Baş Kanunynda, şeýle-de çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen milli kanunçylyk namalarynda her bir çaganyň ýaşamaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklary berkidilendir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, sagaldyş-dikeldiş merkezleri we sport toplumlary ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine hyzmat edýär.
Çagalara edilýän bu aýratyn aladanyň amaly beýany hökmünde ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy üstünlikli hereket edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu gazna howandarlyga we aýratyn goldawa mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge, olaryň ýokary hilli lukmançylyk kömegini almagyna we durmuşa uýgunlaşmagyna uly goşant goşýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň dürli keselleriniň bejerilmegine, operasiýalaryň geçirilmegine, sagaldyş merkezlerinde enjamlaşdyrylan şertleriň döredilmegine, şeýle-de çagalar öýlerinde we ýöriteleşdirilen mekdeplerde terbiýelenýän ýaşlaryň goldanylmagyna aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, gazna Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da ÝUNISEF we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, çagalar üçin amatly bilim we saglygy goraýyş gurşawyny kemala getirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär.
Bütindünýä çagalar güni türkmen jemgyýetinde çagalara söýgi, mähir we hemaýat bilen garamak ýaly belent ynsanperwer ýörelgeleri ýene-de bir gezek dabaralandyrýar. Her bir çaganyň bagtyýar çagalygy we ýagty geljegi ugrunda edilýän döwletli işler, haýyr-sahawat başlangyçlary we halkara hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň berk binýady bolup durýar.
Aýgözel BABAÝEWA,
Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: Zaman Türkmenistan



















