Bilim bilen beýik geljek gurulýar
Bagtyýar durmuşda bagtly ösüp ulalýan ýaş nesiller ýurdumyzyň röwşen geljegidir, ýagty ertiridir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän giň mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda iň täze kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepler bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle belent maksatly işleriň ählisi ýaş nesiller hakyndaky aladadan ybarat bolan giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar.
Çagalaryň sagdyn we berk bedenli ösüp ulalmaklary, ýaşlarymyzyň bilimli hem ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňat netijesini berýär. Ýurdumyzda kemala gelýän ýaş nesiller kämillige gol berýär, ýeňişli belentliklere ynamly gadam urýar. Ýaşlarymyz abraýly halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, ders we ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary netije gazanýarlar. Ine, şu gazanylýan üstünlikler bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän uly mümkinçilikleriniň netijesinde döwrebap mekdepleriň hem-de tejribeli mugallymlaryň yhlasly zähmeti bilen hasyl bolýar.
Golaýda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdepde «Bilim bilen beýik geljek gurulýar» atly «Açyk gapylar» güni geçirildi. Dürli dersler boýunça guralan bu çärä paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Çaganyň diliniň we aňynyň kämil bolmagynda mekdeplerde geçirilýän sapaklaryň we çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Dil kämilligi üçin olara türkmen halk döredijiligi bilen birlikde, daşary ýurt edebiýatynyň hem öwredilmegi zerurdyr. Edebiýat dersi boýunça geçilen sapaklarda türkmen halk döredijiligine degişli sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, goşgular, ertekiler, rowaýatlar, henekler — bular çaganyň düşünjesini, pikirleniş we sözleýiş ukybyny, ýatkeşligini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Matallaryň üsti bilen çaganyň pikirlenişini ösdürmäge üns berilse, ýaňyltmaçlar sözleri säginmän we çeper aýtmaklaryna ýardam edýär. Sanawaçlar we goşgular olaryň ýatkeşligini ösdürmäge esas bolýar. Olar köpçülik ýerlerinde özüni medeniýetli alyp barmagyň düzgünlerini berjaý edýärler. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurt edebiýatyndan ertekileri, hekaýalary öwredip, mazmunyny gürrüň berdirmek çaganyň sözleýiş dilini kämilleşdirýär. Halk döredijiligimizdäki dessanlary okap, geçmişimizi, milliligimizi, watansöýüjiligi, mertligi, gahrymançylygy öwrenýärler. Bu işleri ýerlikli guramagyň okuwçynyň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi üçin uly ähmiýeti bar. Munuň üçin mugallymlar okuw işlerini we sapakdan daşary çäreleri meýilnamalaýyn esasda alyp bardylar we her bir geçilen sapak maksadalaýyk bolup, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, türkmen dili, rus dili, nemes dili, iňlis dili we döwrebap tehnologiýalaryň esaslary, taryh, matematika, biologiýa, himiýa dersleri boýunça geçilen her bir sapak paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden gatnaşan mugallymlara özara tejribe alyşmaklarynda uly goldaw boldy. Dabaranyň dowamynda ýörite taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar, mekdep mugallymlarynyň we okuwçylaryň taýýarlan sergileri gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ogulbagt PÄLWANOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň müdiri.



















