“Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi” atly fotoreportažlary we wideoreportažlary düşürmek boýunça geçiriljek döredijilik bäsleşigi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň telewideniýe, žurnalistika, operatorçylyk sungaty taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriniň) talyplarynyň arasynda “Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi” atly fotoreportažlary we wideoreportažlary düşürmek boýunça geçiriljek döredijilik bäsleşigi
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan parasatly döwlet syýasatyna oňyn seslenýän, döredijilikli, çeper çemeleşmeleri bilen tapawutlanýan, göreldeli, öňdebaryjy, ussat telewideniýe, žurnalistika, operatorçylyk ussatlygy ugrundan bilim alýan zehinli talyplary ýüze çykarmak, olary mynasyp bahalandyrmak hem-de höweslendirmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.
II BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI WE GEÇIRILIŞI
1. Ýokary okuw mekdepleriniň telewideniýe, žurnalistika, operatorçylyk ussatlygy taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriniň) talyplary özaralarynda bäsleşýärler;
2. Her gatnaşyjy talyp bäsleşige fotoreportaž (3-5 sany fotosurat) we azyndan 5 minuda çenli wideoreportaž hödürläp biler;
3. Bäsleşige hödürlenýän işiň many-mazmun taýdan baýlygyny, çeperçilik we döredijilik aýratynlygyny emin agzalary bahalandyrar;
4. Bäsleşige hödürlenýän fotoreportažlar we wideoreportažlar öň hiç ýerde ýaýradylmadyk bolmaly;
5. Bäsleşige hödürlenýän işiň mynasyp ady bolmaly;
6. Bäsleşige gatnaşyjy talybyň (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýyly we telefon belgisi papkada ýerleşdirilmeli) bäsleşige hödürlenýän işi disk görnüşinde bolmaly;
7. Papkaň daşynda “Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi” atly fotoreportažlary we wideoreportažlary düşürmek boýunça geçiriljek döredijilik bäsleşigine diýen ýazgy bolmaly;
8. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda jemlener.
9. Goşmaça soraglar boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary kafedrasy bilen habarlaşmaly.Telefon belgisi: 481094.
III. BÄSLEŞIGIŇ JEMLENILIŞI
1. Bäsleşigiň jemi emin agzalary tarapyndan kesgitleniler;
2. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere I, II, III orunlar beriler we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektorlygy tarapyndan Hormat haty we sowgatlar gowşurylar.



















