
News
238

Düýn, hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Şeýle okuwlar Sarahs etrap bilim bölüminiň çäginde hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Etrapdaky 1-nji orta mekdepde jemlenen mugallymlaryň usuly-amaly okuwlary aýry-aýry ugurlar boýunça geçirildi. Başlangyç synp mugallymlarynyň okuwlarynda öňdebaryjy mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Bu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler» atly tema boýunça maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Başlangyç synplarda okuwçylaryň dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen tema boýunça täzeçe usullar hakynda özara pikir alşyldy. Halypa mugallymlaryň maslahatlary aýratyn üns bilen diňlenildi. Başlangyç synplaryň okuwçylarynyň dürs ýazuw başarnyklarynyň kämilleşmeginde gündelik geçilýän derslerden soňra hem ýörite diktant depderlerini ýöretmegiň ähmiýeti taraplary dogrusynda aýdyldy. Ýaş hünärmenlere iş öwretmekde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýa eýe bolmagynyň ähmiýetli barada hem bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyç synpa gelen okuwçylara şahsy kompýuterleriň berilmeginiň ähmiýetli taraplary dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy.
* * *
Usuly-amaly okuwlar Sarahs etrap bilim bölüminiň çägindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda hem dowam edýär. Etrap boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň on dördüsinde zähmet çekýän terbiýeçiler etrapdaky 1-nji orta mekdebe jemlendiler. Bu ýerde «Körpelerde tebigata bolan söýgini ösdürmekde, ekologiýa terbiýesini bermekde gezelençleriň, bäsleşikleriň we gyzyklanma çäreleriniň dogry guralmagynyň ähmiýeti», «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, adamzadyň medeni gymmatlyklarynyň altyn gaznasyna giren edebi mirasy körpelere watançylyk, akyl terbiýesini bermekde ygtybarly çeşmedir» atly temalar boýunça çykyşlar täsirli boldy. Çagalar bilen guralýan sapaklaryň täsirliligini artdyrmakda görkezme esbaplarynyň hem ähmiýeti dogrusynda giňişleýin bellenildi. Ýaş hünärmenleriň hem çagalar bilen guraýan sapaklarynda oňat netijeleriň gazanylmagy üçin gerekli bolan maslahatlar berildi. Sowal-jogap alşyldy.
Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary dowam edýär.
Meýlis AKMYRADOW,
Sarahs etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.
Çeşmesi: Türkmenmetbugat