
News
178

2024-nji ýylyň 5-11-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) we Respublikanyň Amerikan uniwersitetiniň (American University in Bulgaria) bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky 31-nji Halkara matematika bäsleşigi — «31st International Mathematics Competition for University Students, IMC-2024» geçirildi. Bu olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Bäsleşikde biziň döwletimiz bilen bir hatarda dünýäniň 59 döwletinden 401 talyp çykyş etdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medallara we 8 höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglandy.
Talyp ýaşlaryň bu abraýly halkara bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan nobatdaky netijeleridir.
Çeşmesi: Salam
Şeýle hem bu barada okaň: Orient