
News
189

1 — 10-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy esasynda «Awaza — dostluk mekany» ady bilen medeni-köpçülik we sport çäreleri geçirildi. Şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolup, Awazada dynç almaga ýollanma alan russiýaly mekdep okuwçylary, haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna lukmançylyk bejergilerini alan, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar olara işjeň gatnaşyp, tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şowhuna beslediler. «Daýanç» sagaldyş merkezinde 10 günüň dowamynda dynç alan çagalar dürli sport, zehin bäsleşiklerine gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge, birek-birek bilen dostlaşmaga mümkinçilik aldylar. Mekdep okuwçylarydyr olaryň mugallymlary Hazaryň ajaýyp kenarynda wagtyny ruhubelentlikde geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler.
Ramziýa SAÝFUDDINOWA, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň Respublikan olimpiada merkeziniň usulyýetçisi:
— Biziň mekdep okuwçylarymyz şu ýylyň martynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde guralan halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp bolupdylar. Şonda toparymyza ýeňiji hökmünde Awaza on günlük ýollanma berlipdi. 1 — 10-njy awgustda bolsa türkmen tarapynyň çakylygy boýunça bize Hazaryň ajaýyp kenarynda dynç almaga mümkinçilik döredildi. Biz myhmansöýerligiň türki halklaryň hemmesine-de mahsus aýratynlykdygyny bilýäris. Şoňa görä, toparymyzy türkmen topragynda örän mähirli garşyladylar. Eýýäm Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň Halkara howa menzillerinden myhmansöýerligiň iň asylly däpleri bilen gurşaldyk.
10 günüň dowamynda «Daýanç» sagaldyş merkezi bize gujagyny açdy. Dynç alyş maksatnamasy örän oýlanyşykly, ünsli taýýarlanylypdyr. Çagalaryň bu ýerde geçiren her bir güni ýatdan çykmajak wakalara, many-mazmunly çärelerdir bäsleşiklere beslendi. Türkmenbaşy şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp görmek bizde aýratyn täsir galdyrdy. Muzeýde türkmen halkynyň geçmiş taryhyndan, medeniýetinden söz açýan, şeýle-de kenarýaka ilatyň durmuşyna degişli gymmatlyklary synladyk. Käbir eksponatlar türkmen we tatar halklarynyň medeniýetinde köp umumylyklaryň bardygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Syýahatçylyk zolagynyň gözelligini beýan etmäge bolsa sözler ejiz gelýär. Awazanyň arassalygy, ak mermere beslenen kaşaň myhmanhanalar ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Matematika olimpiadasynyň geçirilen ýeri bolan Arkadag şäherini hem wideoşekiller arkaly synlap, onuň döwrebaplygyň, şäher gurluşygynyň nusgalyk mekanydygyna göz ýetirdik.
Toparymyzyň düzümindäki okuwçylaryň dördüsi RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Kazan we Naberežnyý Çelny şäherlerinden. Naberežnyý Çelny şäheriniň bilim ojaklarynda okaýanlaryň örän köpüsi halkara derejeli olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Arkadag şäherinde geçirilen matematika olimpiadasy hem bu babatda uly ähmiýete eýe boldy. Biz hem rus dili we beýleki derslerden şeýle zehin bäsleşiklerini guraýarys, türkmenistanly mekdep okuwçylaryny-da olara gatnaşmaga çagyrýarys.
Zehinli mekdep okuwçylarymyza Hazaryň gözel kenaryndaky Awazada sapaly dynç almaga, deň-duşlary bilen dostlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna, «Awaza — dostluk mekany» atly çäreleriň guramaçylaryna tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.
* * *
Wenera WALIULLOWA, Moskwanyň mugallymçylyk ussatlygy merkeziniň mugallym-guramaçysy:
— Halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan okuwçylarymyz bilen Hazaryň ajaýyp kenarynda geçiren dynç alşymyz hakydamyza unudylmajak pursatlar bolup ýazyldy. Ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine gezelenç etdik, ýerli halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Guramaçylar tarapyndan sowgat berlen türkmen lybasyny, tahýadyr alajalary dostlugyň nyşany hökmünde kabul etdik. Okuwçylarymyz myhmansöýerligiň ýyly mähri bilen gurşalyp alnandyklaryndan, özleri hakynda edilen aladalardan örän hoşaldyklary ny aýdýarlar. Awazada bolmagymyzyň maksady dynç almakdan ybarat bolsa-da, ol birek-birek bilen ýakyndan tanyşmak, dostlaşmak üçin gyzykly pursatlary peşgeş berdi.
10 günüň dowamynda dürli mazmunly, köpöwüşginli çäreler guraldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Hazar deňziniň ajaýyp ýerlerine gezelençler, döredijilik, surat çekmek bäsleşikleri, çeper okaýyşlar, sport ýaryşlary, toparlaýyn oýunlar, aýdym-sazly konsertler hem sapaly dynç almaga, hem ony peýdaly geçirmäge mümkinçilik döretdi. Biziň okuwçylarymyz türkmenistanly çagalar bilen bilelikde 7 kilometre uzaýan emeli derýada gämili gezelenç etdiler. Ony jana şypaly deňiz howasyndan dem alyp, derýanyň kenarynda ýerleşýän myhmanhana toplumlaryny, dynç alyş merkezlerini, kottejleri ýakyndan synlamak üçin örän oýlanyşykly taslama diýip atlandyryp bileris. Deňizçiligiň we gämiçiligiň taryhy bilen tanyşdyrýan muzeý, päsgelçilikli suw attraksionlary bolan «Awaza» akwaparky-da täsin duýgulary bagyşlady. Şeýle-de çagalar «Rowaç» atly gämide gezelenç edip, Hazar deňzi barada dürli gyzykly sowallary berip, özara bäsleşdiler. Şu ýyl Türkmenistanda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýändigini aýtdylar. Ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşygynda bu barada täsirli gürrüňler edildi. Okuwçylarymyz şahyryň şygyrlaryndan ýat tutup, türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Türkmen halkynyň meşhur «Küştdepdi» tansyny-da öwrendik. Iň esasysy-da, birnäçe günüň dowamynda milli tagamlardan, pişmedir düýe çalyndan lezzet aldyk.
Elbetde, olimpiada wagtynda çagalaryň ünsi diňe taýýarlykda, bäsleşikde bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralan «Daýanç» sagaldyş merkezindäki dynç alyş bolsa olara tomus möwsüminde täze tanyşlar bilen dostlaşmak üçin diýseň ajaýyp mümkinçilik boldy. Şeýle çäreler halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda, medeniýetara dialogy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. Öz ýurdumyza ýakymly ýatlamalar, güneşli Türkmenistana, gözel Awaza ýene-de gelip görmek arzuwy bilen dolanýarys.
“Türkmenistan”
13.08.2024ý. №204