Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

MEN BAGTLY EÝÝAMYŇ TALYBY

12.08.2024

101

MEN BAGTLY EÝÝAMYŇ TALYBY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda biz ýaşlara okamaga, sport bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilip, ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli işler amala aşyrylýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni türkmen ýaşlaryny uly üstünliklere ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp seneleriň birinde maňa bagtyýar ýaşlaryň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.

Men çagalykdan başlap atçylyk bilen içgin gyzyklanyp, bu täsin sungatyň inçe tilsimlerini ylmy esasda öwrenmäge höwes edýärdim. Çagalykdan birnäçe at çapyşyklara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledim. “Ata kesbi-ogla halal” diýlişi ýaly, atadan gaýtýan käri dowam etdirmek islegim we atçylyga bolan söýgim, yhlasym bu günki gün meni Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna alyp geldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtly talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy bilen açylyp ulanmaga berilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bosagasyndan bagtdan paýly ýaşlaryň uly topary bilen birlikde gadam basýandygyma, bu ýerde döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik alýandygyma buýsanjymyň çägi ýok.

Saýlap alan ugrumdan ýokary bilim alyp, geljekde ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň uly sepgitlere ýetmegi we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagy babatdaky tagallalara mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli geljegimiz ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Döwletgeldi MÄMMEDOW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address