Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Talyplyk dünýäsine şowly ädimler

12.08.2024

162

Talyplyk dünýäsine şowly ädimler

- Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa zehinli ýaşlaryň daşary döwletlerde geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyny görkezmegi hem şaýatlyk edýär. Men hem Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde okaýarkam, ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän Halkara bäsleşikleriniň birnäçesine gatnaşdym. 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “Мелодии души” atly halkara bäsleşigine gatnaşyp, II derejeli Diploma mynasyp boldum. Biz - döwrümiziň bagtly ýaşlary. Okap, bilim alyp, ýurdumyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmek biziň üçin uly bagt. Maňa hem talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanjymyň çägi ýok. Ýaş nesillere okamak, döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!


Gülälek JUMANIÝAZOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky 

Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address