
News
91

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy hemmeleri 2024-nji ýylyň Halkara ýaşlar gününe bagyşlanan çärä gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre ýaşlara täsir edýän möhüm meselelere gönükdiriler we pikir alyşmak hem-de derwaýys temalary ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma öwrüler.
Bu çäre diňe bir Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň tutýan orny barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, sanly tehnologiýalary jemgyýetiň peýdasyna ulanmagy höweslendirmäge, şeýle hem ýaşlarda Gender deňliginiň wajyplygy barada düşünjäni döretmäge, sanly ulgamda deň mümkinçilikler hem-de ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga isleginiň ösmegine hem goşant goşar.
Guramaçylar: Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy.
Bu çäre 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda merkeziniň mejlisler zalynda geçiriler.
Wagty:10:00 - 12:30
Ähli gyzyklanýan taraplar çagyrylýar