«Dünýä ykdysadyýeti» dersinden Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi
19.05.2023
184
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Dünýä ykdysadyýeti» dersinden Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Bu zehin bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdy.
Onlaýn olimpiada talyplar institutyň ýörite «Moodle» platformasynyň üsti bilen gatnaşdylar. Şahsy görnüşde geçirilen halkara ders bäsleşiginde talyplar 10 sany ýumuşyň çözgüdini tapmakda bäsleşdiler.
Ýeňijiler meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplan utuklarynyň jemi boýunça kesgitlendi. Bäsleşigiň netijelerine görä, gatnaşyjylaryň 9-sy 1-nji, 10-sy 2-nji, 20-si bolsa 3-nji ýer eýelediler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça iň gowy netijeleri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Кazan Federal uniwersitetiniň, Belarus alyjylar jemgyýetiniň söwda-ykdysady uniwersitetiniň talyplary görkezdiler.