Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Merkezi Aziýada Uly ýaşlylar bilimi boýunça ýedinji halkara konferensiýasynyň "CONFINTEA VII" onlaýn duşuşygy geçirildi

17.05.2023

132

Merkezi Aziýada Uly ýaşlylar bilimi boýunça ýedinji halkara konferensiýasynyň "CONFINTEA VII" onlaýn duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Merkezi Aziýada Uly ýaşlylara bilim bermek boýunça ýedinji halkara konferensiýasynyň "CONFINTEA VII" netijeleri boýunça sebitleýin onlaýn duşuşyk geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri we Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller şeýle-de biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmenleri Gurbanbagt Baljikowa, Amanbibi Hudaýgulyýewa dagylar gatnaşdylar we öz prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.

Her ýurduň wekilleri öz çykyşlarynda esasan hem bu ugurda uly ýaşlylara bilim bermek boýunça (ALE) geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek ýaly bilelikdäki hereketi durmuşa geçirmek üçin milli derejede edilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Indi CONFINTEA VII barada aýdyp geçsek, 2022-nji ýylyň 15-17-nji iýuny aralygynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde geçirilen Uly ýaşlylar bilimi boýunça ýedinji halkara konferensiýasyna (CONFINTEA VII) rugsat berildi. BMG-nyň Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Durnukly ösüş maksatlary (SDG) kabul edileli bäri ilkinji CONFINTEA konferensiýasy we DÖm-lara ýetmek üçin halkara jemgyýetçiligi üçin iň möhüm waka boldy. CONFINTEA VII konferensiýasynyň ara alyp maslahatlaşmalary we gün tertibi sebit derejesinde anyk möhüm meseleleri kesgitleýän, ALE çärelerini we tejribesini ösdürmegiň geljekki perspektiwalaryny göz öňünde tutýan sebit we sebitara taýýarlyk konferensiýalarynyň netijelerine esaslanýar.

CONFINTEA VII-iň esasy netijesi, “Marrakeş” hereket çarçuwasynyň (MFA) kabul edilmegi boldy. Onuň geljekki on ýylda uly ýaşlylaryň bilim (ALE) syýasatyny we tejribesini ösdürmäge we durmuşa geçirmäge ugrukdyrmakdaky roly uludyr. Ýaşlar we ulular üçin okuwyň ähli görnüşlerini (resmi, we resmi däl) öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmä, şeýle hem ýüzbe-ýüz, onlaýn we garyşyk okuw ýaly dürli okuw platformalaryna esaslanýar. Hususan-da, agza ýurtlar dolandyryş we gözegçilik mehanizmlerini güýçlendirmek, maýa goýumlaryny köpeltmek arkaly ulularyň okuw we bilim hilini ýokarlandyrmak üçin borçlanýar. 

Seýli ARYŞOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl 

talyby, TBM-niň Innowasiýa maglumat 

merkeziniň hünärmeni.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address