Kazanda mediýa diplomatiýasynyň inçe syrlary ara alnyp maslahatlaşylar
16.05.2023
122
18-nji maýda başlanjak «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň meýdançasynda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) ýurtlarynyň iri maglumatlar agentlikleriniň baştutanlary durnukly ösüş we ykdysady gülläp ösüş üçin mediada hyzmatdaşlyk etmäge bagyşlanan sessiýany geçirerler. Bu barada tatar KHBS habar berýär.
Mediasessiýanyň gatnaşyjylarynyň arasynda – YHG-nyň Maglumatlar agentlikleri birleşmesiniň baş direktory Mohammed Abdrabbo Alýami, şeýle hem Russiýanyň, Yragyň, Kuweýtiň, BAE-niň, Saud Arabystanyň, Tunisiň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň iri maglumatlar agentlikleriniň wekilleri bar.
KHBS-niň 700-e golaý wekilleriniň KazanForumyň çärelerini beýan etmek üçin ýüz tutma tabşyrandyklaryny belläp geçmelidiris. Forumyň çäklerinde dünýäniň 22 ýurdundan 60 žurnalist işlär.
«Kazan ekspo» halkara sergi toplumynyň çäginde gurnaýjylar meýdany 1500 inedördül metre deň bolan media merkezini gurýarlar. Ol 100 orunlyk iş zolagyny, naharhana zolagyny, dynç alyş we hyzmatdaşlaryň ştabyny öz içine alar. Media merkezinde şeýle hem forumyň işewür maksatnamasynyň sessiýalaryny alyp görkezmek hem göz öňünde tutulandyr.