Aşgabatda türkmen-rus uniwersiteti açylar
Ýakyn geljekde Merkezi Aziýa döwletlerinde Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin «Waldaý» halkara gepleşikler klubynyň Merkezi Aziýa maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Şeýlelikde, Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersitetiniň, Kazan federal uniwersitetiniň we Ykdysadyýet ýokary okuw mekdebiniň şahamçalary Gyrgyzystanda, Russiýanyň ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň, Moskwa Döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň, Demirgazyk Kawkaz federal uniwersitetiniň şahamçalary Özbegistanda, rus-türkmen uniwersiteti bolsa Aşgabatda açylar.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda Russiýa uniwersitetleriniň 25 şahamçasy işleýär. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.