Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Emeli aň we maglumatlara bolan anyklyk

12.05.2023

388

Emeli aň we maglumatlara bolan anyklyk

Berlindäki Ýewropa Dolandyryş we Tehnologiýa Mekdebiniň gözlegçileri, iş ýerinde maşyn öwrenmäge esaslanýan çaklaýyş AI - emeli aňy ulanmak kararlaryň takyklygyny ýokarlandyrýandygyny görkezdiler. Ýöne bu köp halatlarda adamlary has aň-düşünje tagallalaryna mejbur edýär.

Gözlegçiler, adamlaryň karar bermekde goýýan akyl güýjüniň takyklygynyň, we derejeleriniň tapawudyny kesgitlemek üçin maşyn öwreniş modelini ulandylar. Alymlar adamlaryň özbaşdak kabul eden kararlaryny we AI-den alnan çaklamalaryň we teklipleriň kömegi bilen deňeşdirdiler.

Derňew AI-ni ulanmak hemişe kabul edilen kararlaryň umumy takyklygyny ýokarlandyrýandygyna garamazdan, käbir ýalňyşlyklaryň - ýalan pozitiwleriň ähtimallygyny ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, kompýuter ulgamy bilen bilelikde işleýän adamlar, öz maglumatlaryna baha bermek we karar bermek üçin enjamyň tekliplerini öz netijeleri bilen deňeşdirmek üçin aň-düşünje tagallalaryny etmeli.

Gözlegçiler, adama ýüküň çäkli wagt şertlerinde has güýçlenýändigini anykladylar. Şonuň üçin karar bermek işini çaltlaşdyrmak üçin AI-ni ulanmak (mysal üçin, köp sanly hassany anyklanda) yza gaýdyp biler we adamyň aň-bilim tagallalaryny azaltman, hakykatdanam köpelip biler.

Maşynlar ajaýyp gaýtadan işlemek güýji sebäpli ajaýyp takyklyk bilen belli bir işleri ýerine ýetirip bilerler, adam karar berýänler çeýe we uýgunlaşýarlar, ýöne akyl ukyplary bilen çäklenýärler - başarnyklary biri-biriniň üstüni ýetirýär. Emma adamlar maşynlaryň ulanylýan ýagdaýlaryna seresap bolmaly we haçan işleýändigine we haçan işlemeýändigine düşünmeli.

AI çykyşy garaşylýan zady tassyklanda ortaça takyklyk gowulaşýar. Bu ýagdaýda ýalňyşlyklaryň ýygylygy azalýar we adam has "täsirli" bolýar. Ýöne beýleki ýagdaýlarda, ähtimal hadysalar barada aýdylanda, AI-ni ulanmak işgärleriň ýalňyşlyklara we goşmaça ýüklere sebäp bolýar.

Gurbanbibi KAKABAÝEWA,


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 

edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address