«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I ýarym final oýny geçirildi
11.05.2023
169
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň I ýarym final oýny geçirildi.
«Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň ýarym final oýunlarynyň temasy «Siwilizasiýalaryň dialogy — adamzat parahatçylygy üçin binýatlyk esasdyr» diýlip atlandyryldy.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I ýarym final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň arheologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýew, türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Meretguly Öwlüýägulyýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agahanow Mekan, Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bekmedow Anwar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hallyýew Yhlas, Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Serdarowa Güljan I ýarym final oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Ýeňijiler final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.