Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan halkara maslahat
05.05.2023
172
3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de onuň garamagyndaky degişli edralaryň guramagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023» atly II halkara maslahaty we sergisi üstünlikli geçirildi. Geçirilen bu iki günlük forumyň gatnaşyjylaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany Gutlagynda bu halkara forumyň Türkmenistanyň köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Maslahatyň dowamynda «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we müminçilikler», «Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak», «Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrakstrukturany ösdürmekdde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti», «Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny» ýaly mowzukar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda Türki döwletleriň guramasynyň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ýol ulaglary birleşiginiň (IRU), KazGrain eksport edijiler milli birleşiginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Trans-Hazar halkara ulag ýoly birleşiginiň, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň, Halkara ulag diplomatiýa merkeziniň, Halkara ulag assosiýasiýasynyň, BMG-niň Ýewropanyň Ykdysady komissiýasynyň, TRACECA Hökümetara komissiýasynyň, Merkezi Aziýada ulag we logistika boýunça hyzmatdaşlygy edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk Logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň hem-de başga edaralaryň wekilleri çykyş etdiler.
Şeýle-de, ýurdumyzyň «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň başlyklary hem-de degişli kärhana ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Maslahatyň meýilnamasy 5 sany iş mejlisini öz içine alýar. Maglumatlara görä, bu halkara foruma gatnaşmak üçin 700-den gowrak adam hasaba alyndy, olardan 100 töweregi çärä onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.
Guralan sergi foruma gatnaşan kompaniýalar üçin özara pikir we tejribe alyşmak, hem-de halkara ulag infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan täze tehnologiýalary we önümleri, döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Sergä gatnaşan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öndürýän önümleri we alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň hatarynda «Gündogdy», «Ajaýyp umman», «Ýyldyrym», «Täjir ýoly», «Tiz gatnawlar», «Senet ýoly» ýaly hususy kärhanalary, «Ýerlikli hyzmat», «Imdat Elektronika», «Amatly ýollar», «Eminli maslahat» ýaly hojalyk jemgyýetleri we başgalar bar.
Çäräniň barşynda bu halkara foruma gatnaşýan kompaniýalar dürli taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Umuman, bu forumyň esasy maksady pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bilişimiz ýaly, bu halkara forumyň birinji maslahaty geçen ýylyň 18-20-nji iýul aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilipdi. Şonda ulag ulgamynyň, halkara ýük gatnawlarynyň işiniň ilerledilmegine ýokary derejede ýardam berjek pikirleri we çözgütleri özünde jemleýän bu çäräni her ýylda geçirmek nazarda tutulypdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna agza döwletleriň sanynyň baraha artmagy topara agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň has-da ýygjamlaşmagy üçin uly mümkinçiklere ýol açýar. Täze agza döwletleriň hatarynda şu ýylyň aprel aýynda topara agza bolan Nikaragua Respublikasyny hem-de maý aýynda agzalyga kabul edilen Marokko Patyşalygyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň BMG-däki diplomatik gullugynyň habar bermegine görä, toparyň nobatdaky 3-nji ýygnagynyň 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu topar barada belläp geçsek, ol BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär.
Şeýle hem halkara forum barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz www.ittc.com.tm resmi web-sahypasynda tanyşyp bilersiňiz.