Okuwçylaryň arasynda «Robototehnika — 2023» atly taslama bäsleşigi geçirildi
01.05.2023
554
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky konsepsiýalarda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Robototehnika — 2023» atly taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň robot tehnikasyna degişli taslamalarynyň 35-si hödürlendi.
Institutyň mugallymy Ogulşat Hudaýberenowanyň beren maglumatyna görä, bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary Nurýagdy Hanbaýewiň we Daýanç Kurbandurdyýewiň «Akylly öý», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Ylham Şöhradowyň «Ot söndüriji robot», Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň okuwçylary Yslam Şamadowyň hem-de Zybagözel Nurlyýewanyň «Ýangyny duýduryjy we söndüriji sanly ulgam» taslamalary 1-nji orna mynasyp boldylar.
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçylary Ziýarat Narbaýewiň we Kamila Demirkulyýewanyň «Robot el», Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary Halmyrat Hanatowyň we Şöhrat Mämiýewiň «Aýna arassalaýjy», Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Güljan Halmuminowanyň «Tozan sorujy robotlary döretmek» taslamalary bolsa 2-nji orny eýelediler.
Bäsleşikde 3-nji orna Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçylary Atajan Jepbarowyň we Atajan Çöliýewiň robototehnologiýa mekdepleri üçin niýetlenen «Akylly jaň», Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçylary Bahadur Amanowyň hem-de Alihan Alidjanowyň «Başarjaň bagban», Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary Dawut Aşyrgeldiýewiňdir Rahym Geldimuhammedowyň «Ekspedesiýa roboty», Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň okuwçylary Eziz Allakuliýewiň we Atamyrat Maňliýewiň «Innowasion şäher», Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçylary Alijan we Abdulaziz Berdiýewleriň «Nobatçy okuwçy», Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sewinç Bahramowanyň «Asma sanjymy üçin kömekçi ulgam» taslamalary laýyk görüldi.