Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Öňde goýlan beýik maksat

09.08.2024

84

Öňde goýlan beýik maksat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlary entäk mekdep partasynda bilim alýan wagty hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikler geçiriýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň Karary esasynda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigidir. Men hem bu ýaryşa teleýaýlym arkaly tomaşa etdim we ýaryşa gatnaşmagy özüme maksat edindim. “Yhlas edip aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, men “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň “Beýik Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly umumy şygar astynda geçirilýän lll möwsüminiň test synagyndan üstünlikli geçmegi başardym we saýlama oýunlara gatnaşmaga hukuk gazandym. Şeýlelikde, maňa bäsleşigiň V saýlama oýnunyň we I ýarym final oýnunyň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Final oýnunda hem üstünlikli çykyş edip, ll orna mynasyp boldum. Bu bäsleşik mende ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri galdyrdy we diplomatiýa bolan höwesimi artdyrdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim.

Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!


Gülaýym BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň lll möwsüminde II ornuñ eýesi.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address