
News
113

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 65-nji Halkara matematika Olimpiadasynda türkmen Okuwçylarynyň ýeňiji Bolmagy ýurdumyzyň Dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýene-de bir gez belende göterdi. Olar olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 2 kümüş, 2 bürünç medala we 2 höweslendiriji Hormat hata mynasyp boldular. Biz hem ata Watanymyza kümüş medal bilen dolanyp gelen — Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Koçkarow bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylara ýetirmegi makul bildik:
— Dünýäniň abraýly mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen Halkara olimpiada jemi 109 döwletden 609 okuwçy, Türkmenistandan 6 okuwçy gatnaşdy. Biz bu olimpiada döwründe Bat şäherinde iki hepde bolduk. Şol günler iň dowamynda özümizi has-da kämilleşdirip, halkara bäsleşige güýç topladyk. Bu babatda toparymyzyň ýolbaşçylary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Pirmyrat Gurbanow we Myrat Çäşemow bize ýakyndan kömek etdiler.
Halkara bäsleşikde matematikanyň dürli ugurlary boýunça jemi 6 mysal hödürlendi. Iki günüň dowamynda , ýagny her gün 4,5 sagat wagt berlip, şol wagtyň dowamynda mysallary çözmek bäsleşigiň esasy şertidi.
Süleýman KOÇKAROWYŇ gazanan üstünlikleri:

► Ýaşlaryň 25-nji Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO — 2021) — bürünç medal;
► 8-nji Eýran Geometriýa olimpiadasynda (IGO — 2021) — bürünç medal;
► Arkadag şäherinde geçirilen matematika boýunça Halkara olimpiadada — kümüş medal.
Biziň ýurdumyza ýeňiş bilen dolanmagymyza , ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň biz — ýaşlara bildirýän uly ynamy, şeýle-de bu ugurda bilim berýän mugallymlarymyzyň yhlasy kömek etdi. Bize şeýle abraýly bäsleşiklere yzygider gatnaşmaga mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Merjen ÝAZLYÝEWA,
“Watan” gazeti,
06.08.2024 ý. № 63.