Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

AWAZADAKY SAPALY DYNÇ ALYŞ - gyzykly çäreler bilen dowam edýär

05.08.2024

115

AWAZADAKY SAPALY DYNÇ ALYŞ - gyzykly çäreler bilen dowam edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň çagalarynyň Hazaryň türkmen kenaryndaky dynç alşy dowam edýär. Olaryň gatnaşmagynda dynç günlerinde geçirilen çäreler deňiz ýakasyndaky we gämili gezelençlere baý boldy.

Çagalar “Awaza” derýasy boýunça gämili gezelenç edip, uzynlygy 7 kilometre deňbolan emeli derýanyňiki kenarynda döredilen täsin dynç alyş zolagynyňgözelliklerinden lezzet aldylar. Biri-birinden kaşaňmyhmanhana toplumlary, dynç alyş merkezleri, ýaşyl zolaklar bu ýere gaýtalanmajak gözellik berip, jana şypaly arassa deňiz howasy ruhuňy göterýär. Häzirki wagtda dynç alyş zolagynda ýokary derejeli myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottejleriň, saglyk hem-de dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň ençemesi hereket edýär. Şunuňbilen birlikde, soňky ýyllarda Awaza iri işewürlik, medeni we sport merkeziniňderejesine ynamly eýe bolup, halkara ähmiýetli forumlardyr duşuşyklaryň, dürli çäreleriňgeçirilýän ýerine öwrüldi. 

Täsin derýanyňboýunda “Gämiler dünýäsi” atly deňizçiligiňwe gämiçiligiňtaryhy bilen tanyşdyrýan muzeý hem ýerleşýär. Medeni-köpçülik, sport çärelerine gatnaşýan çagalar bu ýerde dürli döwürlerde döredilen gämiler bilen tanyşdylar. Toplumda iňmeşhur gämileriň— Beýik Britaniýanyň“Titanik” bug gämisinden başlap, harby-deňiz gämileriniň70-den gowrak nusgasy bar. Agaçdan we beýleki serişdelerden ýasalan ýelkenli gämileriň, fregatlaryňtakyklyk bilen döredilen nusgalary, olar barada berilýän maglumatlar deňiz flotunyňtaryhy barada köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. 

“Awaza — dostluk mekany” atly çäreleriňmaksatnamasynyňçäklerinde “Daýanç” sagaldyş merkezinde geçirilen “Täsinlikler meýdançasy” atly intellektual şüweleňösüp gelýän ýaş nesilleriňbiliminiň, aň-düşünjesiniňgiňgözýetimleri nazarlaýandygyny görkezdi. Türkmenistanly we russiýaly çagalaryňýekelikde hem-de topar bolup ýerine ýetiren tanslary medeni gatnaşyklaryňüsti bilen dost-doganlygyňdabaralanýandygynyňözboluşly nyşanyna öwrüldi. Gurjak teatrynyňartistleriniňsahna oýunlary-da çagalaryňşatlygyny belende göterdi. 

Dynç gününde Awazada dynç alýan çagalar “Rowaç” gämisinde deňizde gezelenç etdiler. Gämili gezelenjiňdowamynda geçirilen “Awazanyňtolkuny — göwünleriňylhamy” atly çärede oňa gatnaşyjylar edebiýat, dost-doganlyk deňzi bolan Hazar deňzi barada dürli gyzykly sowallary berip, özara bäsleşdiler. 

Günüňikinji ýarymynda Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynyňýeňijileri bolan russiýaly mekdep okuwçylarynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyňýardamy bilen lukmançylyk bejergilerini alan çagalaryň, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň“Awaza” akwaparkyna gezelenji guraldy. Çagalar Gahryman Arkadagymyzyňtagallalary bilen döredilen täsin suw toplumynyňhödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Ýeri gelende bellesek, toplumyňumumy meýdany 30 gektara golaý bolup, üç gatly ýapyk akwapark 41 müňinedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär. Bu ýerde çagalar we ulular üçin dürli ölçegdäki howuzlar, şol sanda sýorfing üçin howuz, ululy-kiçili päsgelçilikli suw attraksionlary, emeli deňiz kenary, çäge bilen örtülen woleýbol meýdançasy bar. Medeni-köpçülik çärelerine gatnaşyp, Awazada dynç alýan çagalar bu ýerdäki katerlerde we gaýyklarda gezelenç edip, lezzet aldylar. 

“Zehinliler meýdançasy” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde bolsa türkmenistanly we russiýaly çagalar döredijiligiňdürli ugurlary, şol sanda aýdym aýtmak, saz çalmak, döwrebap tanslary ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 

“Awaza — dostluk mekany” atly medeni-köpçülik we sport çäreleri dowam edýär. 

"Türkmenistan" gazeti.

05.08.2024 ý. № 197.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address