Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda 361 çaga çykyş eder

02.08.2024

100

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda 361 çaga çykyş eder

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 26-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň beren hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda aýdylşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillerimizde sungata bolan söýgini döretmek, olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmek bilen bagly teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address