Türkmenistanyň raýatlary üçin Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrligi (MEXT) talyp hakly okuw maksatnamasy üçin dalaşgärleri seçip alyş işini geçirýär. Ähli gyzyklanma bildirýänler bu maksatnamanyň düzgünleri bilen tanşyp, 31-nji maýa çenli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.
Ilçihananyň hödürleýän okuwlarynyň içinde bakalawr we aspirantura maksatnamalary bar. Aspiranturanyň dowamlylygy 2 ýyl, bakalawryň dowamlylygy 5 ýyl bolup durýar. Mundan başga-da, maksatnama kollejlerde hem birnäçe hünärler boýunça okuwlary hödürleýär.
Talyp hakly okuw maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşmak isleseňiz şu ýere basyň!