Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Talyplaryň arasynda geçirilen III açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi

28.04.2023

141

Talyplaryň arasynda geçirilen III açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi

Şu gün — 28-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýerli hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen III açyk matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi.

Olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda ilki bilen uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, emin agzalarynyň we oňa gatnaşyjy talyp ýaşlaryň çykyşlary diňlendi.

Dürli halklaryň ýaşlaryny Aşgabatda duşuran bu olimpiada jemi 9 döwletden — Türkmenistandan, Germaniýadan, Wengriýadan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Eýrandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan talyplaryň 283-si gatnaşdy. Olaryň 55-si ýokarda ady agzalan döwletlerden.

III açyk matematika olimpiadasynyň şahsy görnüşinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary altyn medallaryň 20-sine, kümüş medallaryň 37-sine, bürünç medallaryň 63-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda bolsa, 2 altyn, 7 kümüş, 9 sany bürünç medaly eýelediler.

Russiýa Federasiýasyndan gelen talyplar şahsy bäsleşikde 4 altyn, 1 kümüş, 4 sany bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. Toparlaýyn tapgyrda bolsa, 1 altyn, 2 sany kümüş medaly eýelediler.

Özbegistandan gelen talyplar şahsy bäsleşikde kümüş medalyň 5-sine, bürünç medalyň bolsa 10-syna mynasyp bolan bolsalar, toparlaýyn tapgyrda bürünç medalleryň üçüsini boýunlaryndan asdylar.

Azerbaýjanly talyplar şahsy bäsleşikde 2 sany kümüş medala, toparlaýyn görnüşde bolsa 1 bürünç medally boldular.

Ýeri gelende nygtasak, Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndan bu olimpiada 1 talyp wekilçilik edip, altyn medala mynasyp boldy.

Mundan başga-da, germaniýaly talyp kümüş medala, Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen talyplar bolsa bürünç medala eýe çykdylar.

Meksikadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Saud Arabystanyndan gelen talyplarlardan düzülen topar toparlaýyn bäsleşikde kümüş medal gazandylar.

Olimpiada gatnaşan ýurtlaryň gazanan medallary boýunça tertibi:

Türkmenistan — 138 medal;

Özbegistan — 18 medal;

Russiýa — 12 medal;

Azerbaýjan — 3 medal;

Wengriýa — 1 medal;

Germaniýa — 1 medal;

Saud Arabystany Patyşalygy — 1 medal;

Meksikanyň Birleşen Ştatlary — 1 medal.

Ýaşlara gazanan medallary, diplomlar we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňiji bolanlaryň käbiri 1, käbirleri bolsa 2 medal gazandylar.

Olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlar ýeňiji bolanlarda uly joşgun döretdi. Dabaranyň ahyrynda olimpiadanyň ýeňijileridir oňa gatnaşyjylar, eminler hem guramaçylyk topary üýşüp ýadygärlik surata düşdüler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ine, şu gün matematika Aşgabatda çözüldi. Bu olimpiada ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Biz munuň şeýledigine dabarada çykyş eden myhmanlaryň sözlerini diňlänimizde-de aýdyň göz ýetirdik.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address