
News
122

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze — 2024- 2025-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Arkadag şäherindäki bilim ojaklary hem zehinli ýaşlara giňden gujak açýar. Olaryň biri-de şu ýyl täze okuw binasynda ilkinji gezek giriş synaglaryny geçirjek Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasydyr.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmen maksatnamasy boýunça atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärlerinde, bakalawr maksatnamasy boýunça seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugurlarynda ýaşlara bilim berilýär. Atly sport we atly syýahatçylyk ugrunda okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl dil taýýarlygy, 4 ýyl bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir. Akademiýada giriş synaglary 31-nji iýul — 13-nji awgust aralygynda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Atçylygyň halkara derejeli bu ýokary mekdebi Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna, Aziýa atly sport federasiýasynyň«Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Şol gün akademiýanyň binýadynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Şular dogrusynda akademiýanyň ylmy işler boýunça prorektory Merdanbeg Piriýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:
— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen akademiýamyzda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, pudagy ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýerde okadylýan hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim maksatnamalaryny, okuw meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny halkara derejä laýyklykda kämilleşdirmek we atçylyk pudagynda öňdebaryjy tehnologik ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda netijeli işler dowam etdirilýär.
Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde halkara standartlara laýyklykda, okuw meýilnamalarydyr dersler boýunça döwrebap okuw maksatnamalary işlenip düzüldi. Dersler boýunça okuw kitaplary we gollanmalar taýýarlanylýar. Akademiýada okadylýan dersler boýunça elektron okuw-usuly toplumlary, ýagny okuw esbaplary, wideo we audio materiallar, elektron okuw kitaplarydyr okuw-usuly gollanmalar talyplara elýeterli edilýär.
2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilen ders bäsleşiklerinde talyp ýaşlarymyz üstünlikli çykyş edip, jemi 33 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Talyplarymyz halkara bäsleşiklerde hem 27 sany baýrakly orna — 3 sany I orna, 8 sany II orna, 16 sany III orna mynasyp boldular. Şeýle hem olaryň ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen döwlet ders olimpiadasynda jemi 9 baýrakly orna mynasyp bolmaklary örän buýsandyryjydyr.
Talyp ýaşlar akademiýada döredilen giň mümkinçilikleriň esasynda atçylyk boýunça geçirilýän bäsleşiklere ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Netijede, talyplarymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikleriň çäginde guralan uzak aralyga atly ýöriş hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerinde, baýramçylyk at çapyşygynda öňdäki orunlara mynasyp boldular.
Ýokary okuw mekdebimizde «Ussat seýis», «Türkmen jigitleri», «Ýaş weterinar lukman», «Ylhamly ýaşlar» gurnaklary hereket edýär. Talyp ýaşlarymyzyň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynda, akademiýanyň ýapyk manežinde çykyşlary guraldy. Weterinar lukmançylygy hünäriniň we weterinar-sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugrunyň talyplary döwlet weterinar gulluklarynda, atçylyk sport toplumlarynda, ahalteke atçylyk athanasynda, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde, akademiýanyň barlaghanalarynda atlarda, oba hojalyk mallarynda möwsümleýin duş gelýän dürli kesellere garşy öňüni alyş çärelerini öwrenmek, nazary bilimlerini tejribede özleşdirmek maksady bilen, okuw sapaklaryny amaly işler bilen utgaşdyryp geçýärler.
Akademiýada bilim almaga höwes bildirip, resminamalaryny tabşyrýan ýaşlaryň köpdügi bizi guwandyrýar. Munuň özi ýaş nesliň milli buýsanjymyz bolan bedewlere söýgüsiniň, döwrebap bilimi bilen atçylygy ösdürmäge goşant goşmak hyjuwynyň uludygyndan hem habar berýär.
Ýurdumyzda milli atşynaslyk ylmyny we hünärini ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrýan, ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
"Türkmenistan" gazeti, 27.07.2024ý. № 190.