Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar

24.07.2024

78

Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasy (ECOSF) tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherinde geçiriljek “Ýetginjekler üçin 8-nji “Guşak we Ýol” atly lageriň 2-nji tapgyryna we mugallymlar üçin okuw maslahatyna” gatnaşmak üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň umumybilim edaralaryndan düzülen bäş okuwçydan hem-de iki mugallymdan ybarat türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 21-31-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherine okuw saparyna iberildi. 

Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatynyň esasy maksady, ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, ýaş nesillerde täze gözleglere, innowasiýalara bolan höwesi döretmäge ýardam etmekden, şeýle hem mugallymlaryň hünär tejribeleri boýunça özara pikiralyşmalary guramakdan ybarat.

Türkmen wekiliýeti Kunmingde bolan döwründe şäheriň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp görer, bu olara hytaý medeniýetine we halklaryň medeni gatnaşyklarynyň özara arabaglanyşygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Bu tejribe, türkmen ýaşlarynyň dünýä jemgyýetçiligine goşulmagyna möhüm goşant bolar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşmagy, Türkmenistanyň işjeň halkara hyzmatdaşlygyna we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär. Şular ýaly çäreler ýurtlaryň arasyndaky ylmy we bilim gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem gatnaşyjylaryň hünär endiklerini we bilimlerini ösdürmäge kömek edýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýurtda bilim ulgamy işjeň ösýär, innowasion okuw usullary ornaşdyrylýar we halkara gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Bilim we ýaşlara goldaw bermek boýunça edilýän aladalar ýokary hünärli hünärmenleriň we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu dabaralara dünýäniň 38 ýurdunyň wekiliýetinden ybarat, jemi 300-e golaý wekiller gatnaşýarlar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address