Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

22-nji aprel - "Halkara Ene Ýer güni"

21.04.2023

138

22-nji aprel - "Halkara Ene Ýer güni"

Her ýyl 22-nji aprelde global baýramçylyk bolan - "Halkara Ene Ýer güni" umumy rahat öýümiziň güni bellenilýär.

Baýramçylyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda geçirilen 63-nji mejlisinde (BMG-niň 50-den gowrak döwleti tarapyndan hemaýatkärlik edilýän A / RES / 63/278 karary bilen) döredildi we 2010-njy ýyldan bäri 22-nji aprelde bellenilip geçilýär.

Baş Assambleýanyň 63-nji mejlisiniň prezidenti Migel d'Eskoto Brokman bu Halkara gününiň rezolýusiýada yglan edilmeginiň Ýeriň we onuň ekosistemalarynyň biziň öýümizdigini, adamzat üçin ýaşaýşy üpjün edýändigini, şeýle hem 1992-nji ýylda Rio de Žaneýroda BMG-nyň Daşky gurşaw we ösüş konferensiýasynda eden borçnamalaryny tassyklady. Şonuň üçin häzirki we geljek nesilleriň ykdysady, sosial we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda adalatly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we planeta bilen sazlaşygy ösdürmeli.

Şeýle hem, kararda "Ene Ýer" adalgasynyň köp ýurtda kabul edilýändigi, planetanyň, ekosistemalaryň we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary görkezýändigi bellenilýär. BMG-a agza ähli ýurtlary, halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalary "Halkara Ene Ýer gününi" bellemäge çagyrýan Baş Assambleýa, bu baýramçylygyň eýýäm köp ýurtda her ýyl bellenilip geçilýändigine ünsi çekýär.

Demirgazyk ýarym şarda Ýer güni ýazda, günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Bu global hereketiň esasy maksady jemgyýetiň we ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni Ýeriň meselelerine, daşky gurşaw meselelerine çekmek we adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan kyn meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekdir.

Tebigat häzirki wagtda ejir çekýär. Plastiki hapalanma netijesinde ummanyň kislotalaşmagy ýüze çykýar. Howanyň üýtgemegi, tebigatda adam tarapyndan döredilen üýtgeşmeler we tokaýlaryň çapylmagy, ýer ulanylyşynyň üýtgemegi, intensiw ekerançylyk we maldarçylyk tejribesi we brakonerlik ýaly biodürlüligi ýok edýän kabul ederliksiz amallar planetanyň ýok edilmegini çaltlaşdyrýar.

Ekosistemalar Ýerdäki ähli ýaşaýşy goldaýar. Ekosistemalarymyz näçe sagdyn bolsa, planetamyz we adamlar sagdyn bolar. Zeper ýeten ekosistemalary dikeltmek garyplygy ýok etmäge, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we köpçülikleýin ölümiň öňüni almaga kömek eder. "Halkara Ene Ýer" güni, biziň her birimiziň planetamyz we ekosistemalarymyz üçin barlygymyzy ýatlatmagy maksat edinýär.

Altyn BABYŞOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address