Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy

23.07.2024

81

Türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy

2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik wekilleriniň, sport hünärmenleriniň, türgenleriň we köp sanly talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda 19 adamdan ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi.

Ozal hem bellenilişi ýaly, Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistandan mynasyp wekilçilik etjek türgenler Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen Guramaçylyk komiteti tarapyndan ussatlygyny ýokarlandyryp, güýçli taýýarlyk işlerini gördüler. Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleri sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşarlar.

Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ýollan Gutlagyndaky “Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn” — diýip, aýdan jümleleri sözüň doly manysynda türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrdy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address