Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Robotlar adamlara gurnama işlerini has çalt tamamlamaga kömek edip bilerler

08.04.2023

255

Robotlar adamlara gurnama işlerini has çalt tamamlamaga kömek edip bilerler

Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň gözlegçileri robotlara dürli gurluşlary ýygnap, adamyň özüni alyp barşyny çaklamagy öwretmegiň usulyny oýlap tapdylar. Robotlar çylşyrymly zatlary ýygnamak prosesinde iş tertibini kesgitlemek üçin ýönekeý meselelere syn etmekden peýdalanýarlar.

Adamlar bilen işlemekde, robot adamyň mundan soň näme etjekdigini yzygiderli çaklamalydyr. Mysal üçin, robot indiki bölegini ýygnamak üçin adama bir enjam gerek bolar öýdýän bolsa, adam garaşmaly bolmazlygy üçin ony öňünden alyp biler. Şeýlelik bilen, robotlar adamlara ýygnanyşygy has çalt tamamlamaga kömek edip bilerler.

Gözlegçiler belli bir adamyň dürli zatlary nädip ýygnaýandygynda meňzeşlikleri tapdylar. Mysal üçin, IKEA diwanyny ýygnanda iň kyn bölegi bilen başlasa, sallançak gurlanda şol bir çemeleşmäniň ulanylmagy gaty ähtimal diýip, alymlar düşündirýärler.

Şonuň üçin roboty çylşyrymly meseläni nädip ýerine ýetirmelidigini "görkezmegiň" ýerine, adamlar aňsat we çalt ýerine ýetirip bilýän kiçijik gurnama meselesini ("kanoniki" ýumuş) döretdiler. Robot, gurnama meýdanynyň ýokarsynda ýerleşýän kamerany ulanyp, adamyň bu işi ýerine ýetirmegine "syn etdi". Adamyň hereket edip bilýän böleklerini kesgitlemek üçin ulgam böleklere birikdirilen QR kodlaryna meňzeş “AprilTags” ulanyldy. Soňra robot, kanoniki ýumuş wagtynda hereketleriň yzygiderliligine esaslanyp, adamyň isleglerini kesgitlemek üçin maşyn öwrenmegi ulandy.

Robot adama öwrenişenden soň uçaryň modelini ýygnamaga kömek eder.

Derňew, bu öwrenişiň esasynda ulgamyň, takmynan 82% takyklyk bilen beýleki işleri ýerine ýetirenlerinde adamlaryň etjek hereketlerini çaklap bilendigini görkezdi. Gözlegçiler, nusgawy çemeleşmäniň her bir meseläni çözmek üçin roboty taýýarlamagy talap edýändigini bellediler. Ulanyjynyň hereketlerini meňzeşlik bilen çaklamak ukyby önümçilikde we maýyplar üçin täsirli kömekçi boljak ähliumumy enjamlary döretmäge mümkinçilik berer.

Jemşit SAPARKLYÇEW,

Türkmenistanyň inžener - tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet

we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address