Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

07.04.2023

126

Türkmenistan ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Ozal Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetirji geňeşiniň düzümine giripdi.

Hökümetara goldawyny we gözegçiligi amala aşyrýan BMG-nyň Çagalar gaznasynyň ýolbaşçy edarasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan ÝUNISEF-iň işine syn etmäge we onuň syýasatynyň, ýurt boýunça maksatnamalarynyň we býujetiniň tassyklanmagyna gatnaşar. Bu Türkmenistan üçin dünýä derejesinde çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmak üçin mümkinçilikdir, çaganyň hukuklaryna görä gatnaşykda öz borçnamalaryny berjaý etmekde dünýä jemgyýetçiligine görelde bolmak üçin mümkinçilikdir.

Işi Býuro tarapyndan utgaşdyrylýan Ýerine ýetirji geňeşiň düzümine BMG-niň agza-döwletleriniň bäş sebitleýin toparyna wekilçilik edýän 36 agza girýär. Geňeş her ýylda bir gezek ýygnanýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň 13 komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasydyr. Ýurt şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna ýedi gezek saýlandy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address