
News
82

14-nji iýulda Gökdere jülgesindäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda dynç alyş möwsüminiň has-da gyzgalaňly we şatlykly geçmegini gazanmak maksady bilen medeni-köpçülik çäresi geçirildi. Çärä şol merkezde tejribelik geçýän türkmen dili we edebiýaty hem-de iňlis dili we edebiýaty fakultetleriniň 3-nji ýyl talyplary, olaryň tejribelik geçişlerine jogapkär usulyýetçi mugallymlar, uniwersitetiň okuw bölüminiň hünärmeni, ýaşlar guramasynyň başlygy hem-de pedagogika kafedrasynyň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tejribelik geçýän talyplar çagalaryň paýhas, bilesigelijilik we döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, dürli görnüşli bäsleşikleri geçirdiler.
Sagaldyş we dynç alyş merkezinde tejribelik geçýän talyplaryň dynç alýan çagalar bilen dürli medeni-köpçülikleýin çärelerini geçirişleri, daşary ýurt dilini öwretmek bilen baglanyşykly dürli zehin bäsleşiklerini guraýyşlary, sport çärelerini geçirişleri baradaky ýakymly we ruhubelent duýgulary duýmak, çagalaryň bagtyýar gürrüňlerini diňlemek has hem ýakymly boldy.