
News
81

2024-nji ýylyň iýul aýynyň 10-dan 11-i aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda UNDP-niň ýaşlar üçin hünär taýýarlygy we iş üpjünçilik mümkinçilikleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň welaýat müdirlikleriň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we onuň garamagyndaky Innowasiýa maglumat merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky okuw-terbiýeçilik mekdepleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, “Ýeňme” jemgyýet birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşan wekiller ýaşlar üçin hünär taýýarlygy we iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar UNDP-niň halkara eksperti Ý.Zotowanyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmeni G.Baljikowanyň taýýarlan prezentasiýalar bilen tanyşdylar. Maslahaty jemlemek bilen okuw maslahatynyň gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýaşlaryna döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.