Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

14.06.2024

96

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýow bilen duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň hem-de onda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça öňe süren möhüm başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyny guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmak boýunça bilelikdäki işe taýýarlyk beýan edildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address