Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASY

23.05.2024

299

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASY

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikdäki tagallalary bilen takyk ugurlara ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Bu möhüm çärä okuwçylaryň 350-ä golaýy gatnaşdy.

Bu bäsleşik “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksat bilen guraldy.

Okuwçylara ady agzalan dersleriň okuw maksatnamalary boýunça meseleler hödürlendi, olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça Mary welaýatynyň okuwçylary 28 orun (jemi 51 bal), Lebap welaýatynyň okuwçylary 26 orun (jemi 49 bal), Aşgabat şäheriniň okuwçylary 21 orun (jemi 30 bal), Ahal welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 19 bal), Balkan welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 13 bal), Daşoguz welaýatynyň okuwçylary bolsa 4 orun (jemi 6 bal) eýelediler.

“Bilim” žurnaly.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address