
News
109

17 – 21-nji aprelde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly we beýik türkmen şahyrynyň doglan ýylynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagynda medeni köpçülik çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen şekillendiriş sungaty eserleriniň, medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň sergisi, ussat bagşylaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dabaraly çäreleriň guralan ýerlerinde hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze eseriniň tanyşdyrylyşyna gatnaşanlaryň ruhy baýlygyny artdyrdy. Guralan çykyşlarda eseriň türkmen halkynyň geljegi we döwletimiziň belentlige göterilmeginiň möhüm ugurlary barada getirilen maglumatlar iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze badalga berýär.
“Bilim” žurnaly.