
News
111

23-nji aprelde Türkmenistanyň Inžener-tehnika ulag kommunikasiýalary institutynda “Sebitde ulag-logistik hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryny orny” atly ylmy maslahat guraldy. Bu möhüm çäre halkara forumuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna bagyşlandy.
Ýurdumyzyň milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine goşant goşýan bolsa, beýleki tarapdan, ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny berkidýär. BMG we beýleki abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýan ýurdumyz bütindünýa ulag düzümine işjeň goşulýar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýolagçy terminallary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleri arkaly yklymlara ýük we ýolagçy gatnawlary uzaýar. Ine, şu we beýleki ugurlarda dünýäniň döwletleri bilen guralýan ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi barada maslahatda edilen çykyşlarda bellenildi.
“Bilim” žurnaly.