Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýokary okuw mekdepleriň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet olimpiadasy geçirildi

23.04.2024

154

Ýokary okuw mekdepleriň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady. Bu barada www.tdbsi.edu.tm resmi web-saýty habar berdi.

«Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» diýen at bilen geçirilen internet olimpiada innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmäge, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge bagyşlandy. Institutda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasy esasynda, 4-nji gezek geçirilýän bu bäsleşik üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2024-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky 20/225 belgili Düzgünnamasy bilen ýörite Guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, internet olimpiadasynda gatnaşyjylara bu ugurda taýýarlanan ýörite sowallar hödürlendi.

Internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň 12-sinden 81 talyp gatnaşdy. Olimpiada 15-nji aprelde geçirilip, ýakynda onuň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji, ýaşlaryň ýene 4-üsi ikinji, 4 talyp bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address