
News
291

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz we agzybir halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýeňişli sepgitlere barýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu belent sepgitler halkymyzyň ruhuny has-da belende göterýär. Şol belent sepgitler geljekde berkarar döwletimizde kämil hünärmenleri ösdürip ýetişdirmek bilen eriş-argaç utgaşýar.
Dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleri üçin türkmen dilinde döwrebap okuw kitaplaryny we golýazmalaryny ýazmak şol ugurda işleýän ýokary derejeli, tejribeli professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň öňünde duran wajyp meseledir.
Ýokary okuw mekdepleri üçin “Tolkun prosesleriniň fizikasy” atly okuw kitaby (awtory: J.Annamyradow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu kitabyň esasy maksady talyplary fiziki tebigaty bolan dürli häsiýetli gurşawlarda tolkunlaryň ýaýraýyş kanunalaýyklyklary bilen tanyşdyrmakdan ybarat.
Fizika tebigatyň kanunalaýyklaryny öwrenýän tebigy ylymlaryň esasylarynyň biridir. Tolkun prosesleri hem tebigatyň aýrylmaz bir bölegidir. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösýän döwründe hemişe yrgyldylara we tolkunlara duş gelinýär. XXI asyr maglumatlar asyry hasaplanylýar. Şonuň üçin maglumaty çalt berip bilmeklik her bir döwletiň ösüşini kesgitleýär. Maglumatlar bolsa tolkunlaryň üsti bilen berilýär. Iň ýönekeý mysal hökmünde telewizorlara we radiolara salgylanmak bolar. Olarda berilýän maglumat radiotolkunlaryň üsti bilen geçirilýär. Fizikanyň usullarynyň, enjamlarynyň ýyl geçdigiçe ylma we önümçilige giňden aralaşmagy onuň aýrylmaz bölegi bolan tolkun proseslerini giňden öwrenmekligi talap edýär.
Tolkun prosesleri bilen baglanyşykly meseleleri has çuň öwrenmeklik, ýörite dersleri doly özleşdirmek netijesinde mümkindir. Akustika, radiotehnika, optika hem-de ylmyň we tehnikanyň beýleki bölümleri öwrenilende tolkunlar baradaky ylma esaslanylýar. Tolkunlar bolsa öz gezeginde birnäçe görnüşlere bölünýärler. Ol çylşyrymly tebigy hadysa bolup, içgin öwrenilmekligi talap edýär. Şonuň üçin bu okuw kitabynda awtor birnäçe alymlaryň tejribelerine salgylanypdyr, şeýle-de mümkin boldugyndan tolkunlar barada giňişleýin maglumat bermäge synanyşypdyr.
Okuw kitaby jemi alty bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda tolkunlar barada giňişleýin maglumat berilýär. Ikinji babynda dispergirleýji däl gurşawlardaky tolkunlar düşündirilýär. Üçünji babynda dispergirleýji gurşawlardaky tolkunlaryň ýaýraýşynyň aýratynlyklaryna seredilýär. Dördünji babynda anizotrop gurşawlarda, hususan-da, kristallarda, magnitoişjeň plazmada tolkunlaryň ýaýraýyş aýratynlyklary öwrenilýär hem-de ionosferada we troposferada radiotolkunlaryň ýaýraýşy barada beýan edilýär. Bäşinji babynda bolsa birhilli däl gurşawda tolkunlar we gurşawdaky ýaýrama aýratynlyklary barada maglumatlar berilýär. Altynjy bapda dispersiýaly we dispersiýasyz gurşawlarda tolkunlardaky çyzykly däl hadysalara seredilýär. Ýedinji bapda grawitasiýa tolkunlarynyň döreýşi we häsiýetleri hem-de hasaba almak barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Ýokarda beýan edilen baplarda gurşawda ýaýraýan tolkunlardan gelip çykýan netijeler oňat seljerilýär. Her babyň ahyrynda geçilenleri nazary taýdan doly özleşdirmäge mümkinçilik berýän soraglar ýerleşdirilipdir. Kitabyň soňunda tolkun proseslerine degişli formulalar getirilýär we radiotolkunlary häsiýetlendirýän tablisa görkezilýär.
Bu okuw kitaby fizika, radiofizika we elektronika hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenen okuw maksatnamasy esasynda ýazylan hem bolsa, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler we beýleki gyzyklanýanlar gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi