Aşgabat
News
114
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan her bir günüň aýratyn ýatlamasy galýar. Türkmen halkymyzyň şöhratly geçmişi onuň ýagty geljegine röwşen şuglasyny saçýar. Bu bolsa her bir türkmeniň ýüreginde, kalbynda, aňynda buýsanç duýgusyny döredýär. Aslynda türkmen halky her bir ýyly, her bir güni özüniň ýagşy umyt – arzuwlary bilen garşy alýar. Toýdur-baýramlara baý bolan türkmen halkymyz asylly däbe görä, her bir gelýän ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmagy – bulam uly döwletlilikden nyşan. Sebäbi türkmen halkynyň milli we medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, edim-gylymlary, şöhratly geçmişi – ruhy baýlygymyz. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem gözel Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň saýasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy, içeri we daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy ýokary mazmuna eýe boljakdygyna kepil geçýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kuwwatly ösüşiniň berk binýady bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä derejesine gabat gelýän ylym-bilim, milliligimize laýyk gelýän terbiýe almaklary ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer, ukyp-başarnykly bolup ýetişmegi bolsa biz – pedagogik işgärlerine, mugallymlara, terbiýeçilere göniden-göni bagly bolup durýar.
Asylly däbe görä, bu ýyl hem “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bilim işgärleriniň ýanwar aýyndaky usuly-amaly maslatlary geçirilip dur. Bu usuly-amaly maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň karary bilen 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda tasyklananan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” ugur alnyp, mugallymlaryň döredijilik ussatlygyny, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, okuwçylara dünýä derejesine gabat gelýän bilim bermek, şeýle-de ösen tehnologiýalardan, interaktiw-multimediýa usullaryndan ussatlyk bilen peýdalanmaklary barada usuly maslahatlar berilýär, öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek hem-de ýaýratmak boýunça halypa mugallymlar ýaş mugallymlara peýdaly maslahatlary, usuly kömekleri öwredýärler. Akylly şäher konsepsiýasyna laýyk gurlan, halkara baýraklarynyň birnäçesine mynasyp bolan Arkadag şäherimizde şu günler bilim işgärleriniň ýanwar aýyndaky usuly-amaly maslahaty öz işini dowam edýär. Bu usuly-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Arkadag şäher bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamynyň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan, ýaňy-ýakynda halkymyza peşgeş beren çuňňur many-mazmuna baý kitaplarynyň ýene biri “Hakyda göwheri” kitaby barada söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda “Hakyda göwheri” kitabynyň iki bapdan, on bir bölümden ybaratdygy, onda merdana türkmen halkymyzyň asyrlara uzap gidýän şöhratly geçmişi, beýik şahsyýetlerimiziň bitiren ägirt uly işleri, Änew medeniýeti, döwletlilik ýörelgeleri, agzybirlik taglymatlary, milli we medeni mirasymyzy, türkmençilik edim-gylymlarymyzy beýan edýän birnäçe parasatly, çuňňur many-mazmuna ýugrulan jümleleriň üstünde aýratyn durlup geçildi. “Hakyda göwheri” kitabyny okanymda şu parasatly jümleler meniň ýüregimde has-da täsirini galdyrdy: “Köpler saňa ynam etdimi, olaryň ynamyna tap getirmelisiň. “Döwletlilik, ine, şol ynam bilenem baglanyşykly düşünjedir”. Bu many-mazmuna baý bolan jümläniň aňyrsynda türkman aga özüniň iň eziz zady – çagasynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer, ukyp-başarnykly,arassa ahlakly bolup ýetişmegi üçin biz bilim işgärlerine, mugallymlara, terbiýeçilere uly ynam bilen ynanýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň biri bolan Kerim Gurbannepesowyň “Mugallymyň sözi” goşgusynda hem:
Ýaşar, işlär ýörer mugallym sözi,
Mugallymyň sözi – Watana ömür,
Şeýdip mugallymyň aýdan sözüni,
Asyrdan asyra äkider döwür
-diýen dürdäne setirler “Mugallym” diýen adyň hormatynyň uludygyny beýan edýär.
Sözümiň şu ýerinde özüniň 55 ýylyny mugallymçylyk kärine bagyş eden Nurnazar mugallymyň beren gyzykly gürrüňleri Gahryman Arkadagymyzyň “ Hakyda göwheri “ atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmençilik düşünjesi, Watany söýmek we onuň mukaddesilgini gorap saklamak nesil terbiýesinde nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmençilik sözüniň aňyrsynda uly many ýatyr. Çünki, türkmen halkymyzyň beýleki halklaryňka meňzemeýän watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, mertlik, gaýduwsylyk, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly düşünjeleri gadym döwürden bäri ýol-ýörelge bolup gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary bize ýol-ýörelge, görelde mekdebi bolýar. Mugallymda üç häsiýet jemlense, kämillige ýeter: ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlaklylyk. Her bir mugallym özüniň kärini söýüp işlemeli, netijeli zähmet çekmeli. Biz pedagogik işgärleri ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap bilimli bolmagy, milli ruhda terbiýe almagy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bidirýän uly ynamyna jogap edip bar güýjümizi aýaman zähmet çekmelidiris.
Bilim işgärlerine döredijilikli işlemek, halkymyzyň şöhratly geçmişini bilýän, şu günki ýeten belent sepgitlerine guwanýan hem-de buýsanýan, bedew bady bilen öňe barýan kuwwatly Watanymyzyň geljegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli kemala getirmek, olara döwrebap bilim we milli ruhda terbiýe bermek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, halkymyzyň eşretli we abadan durmuşda, parahat zeminiň üstünde, arassa asmanyň astynda ýaşamagy üçin alyp barýan beýik işleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» has-da rowaçlyklara beslensin!
Öweznepesowa Güljan
Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Takyk ulgam. All rights reserved. 2024