Aşgabat
News
171
Baky Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary esasy ýörelge mekdebidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir edilen “Hakyda göwheri” atly taryhy, filosofik eseri 2024-nji ýylyň ahyrlarynda elimize gowuşdy we 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji gününden bäşlap bilim işgärleriniň kalbyny uly buýsançlara, belent ruhlara besledi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň milli ruhuň täze pelsepesine öwrülen watançylyk, millilik, bilim-terbiýeçilik, pedagogik ideýalaryny we onuň ähmiýetini giňden ýaýmak, olary okatmagyň usulyýetinde peýdalanmak boýunça 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumunyň Medeni sport toplumynyň uly zalynda okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň halypa ýolbaşçylary, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, etrap bilim bölümleriniň usuly işlere jogapkär hünärmenleri, etrap boýunça usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary, pedagogik işgärlerden jemi 380 sanysy gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni Ilmyrat Tagyýew Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň biziň her birimiziň ýol-ýörelgämizdigi dogrusynda, ýaňy-ýakynda elimize gowşan Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly gymmatly kitabynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde aýratyn ornunyň bardygyny berk nygtap geçdi.
Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmuny,onuň “Taryha syýahat” hem-de “Ruhy miras” ýaly iki babyň bölümlerindäki merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, milli aýratynlyklary we ruhy gymmatlyklary, ene topraga bolan söýgüsi, ruhubelentligi we halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryna garaýşy, Magtymguly Pyragy, Döwletmämmet Azady, Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly taryhy şahsyýetlerimiziň beýik edebi mirasy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem kitapda beýan edilen türkmen halkynyň watançylyk, ahlaklylyk, döwletlilik, ygrarlylyk, agzybirlik, sylag-hormat ýaly ýörlegelerini okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi.
Geçmiş taryhymyzdan söz açýan, geljege ynamly ýol görkezýän pelsepelere beslenen “Hakyda göwheri” kitabyndaky halkymyzyň birek-birege kömek etmek, myhmansöýerlik, agzybirlik, deňlik we adalatlylyk ýaly belent ýörelgeleri esasynda ýaş nesilleri terbiýelemek, olaryň döwrebap jemgyýetde beýik adamkärçilikli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini üpjün edýän ýol-ýörelgelere eýermeklerini gazanmak dogrusynda baýry bilim işgäri, mirasgär, “Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymguly Pyragy” atly medallary bilen sylaglanan Nurnazar Jumanazarow täsirli çykyş etdi. Halypa Nurnazar Jumanazarow gymmatly filosofiki pikirleri özünde jemleýän bu kitabyň “Gadymy heňňamyň aýdymy” bölümindäki türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň il-ulusyna pentleriniň häzirki zaman dünýäsinde rowaçlanýan ynsanperwerlikli taglymatlarymyz, milli-ahlak ýörelgelerimiz bolan türkmençilik hakyndaky pelsepewi garaýyşlar, ynsan paýhasynyň beýikligi, agzybirligiň bagtyň gönezligidigi dogrusynda çykyş edip, bu eserde beýan edilen derwaýys ýörelgeler esasynda ýaş nesillerimizi beden we ruhy taýdan döwrebap terbiýelemekligiň ähmiýetini beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseriniň ýurt eýeleri bolan ýaş neslleriň ruhy taýdan baýlaşmagynda, olaryň watana we halkyna bolan söýgüsiniň ýokarlanmagynda aýratyn ornunyň uludygy dogrusynda çykyş eden Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy takyk ugurlary çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdebiň taryh mugallymy Ogulgül Hatamowa mugallymlaryň bu gymmatly eseri okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň zerurulygy we ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly gymmatly eserindäki hünäriňi kämilleşdirmek, ýaş nesilleriň zehin-başarnygyny açmak ýaly pedagogik garaýyşlaryndan “Geçmiş geljegiň berk binýady”, “Adam bolmak Zeminiň perzendi bolmakdyr”, “Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar”, “Iň belent söýgi Watan söýgüsidir”, “Taryh bir sözde ýatdyr. Ýada ýazylan ýazgylardyr. Edebiýat bolsa, duýgudan burk alýan bossandyr”, “Dünýäniň gözelligi ynsan kalplaryndadyr”, “Döwletlilik” geografiýa, ykdysadyýet, medeniýet, syýasat jähetinden düýpli düşünjedir” diýen gymmatly pähimli jümleleri barada aýratyn nygtap, bu kitaby okuw dersleriniň ählisinde peýdalanmagyň ähmiýetini beýan etdi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bilim syýasatynyň esasy wezipelerinden ugur alyp, ýaş nesillerimizi ösen medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, beýik Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň gadyr-gymmatyna birkemsiz düşünýän, milli medeniýetimize ýokary derejede sarpa goýýan kämil derejede terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabynyň her bir bilim işgäri üçin gymmatly gollanmadygy dogrusynda gyzykly we ähmiýetli sorag-jogap alyşmalar guraldy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň gymmatly kitaplary, milli mirasymyz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanşykly sergiler bilen tanyşdylar.
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky
Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň
we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň
hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri,
Annamämmedow J.
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Takyk ulgam. All rights reserved. 2024