Aşgabat
News
18
Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň asylly däbine eýerip, alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk taglymaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny günsaýyn belende galdyrýar. Aprel aýynyň 14-15-ne Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasyndaky ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň köpýyllyk tejribesini öwrenmek we alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Almaty şäherinde iş saparynda bolup geldiler.
Gazagystan döwletiniň Almaty şäherinde geçirilen bu iş saparynyň dowamynda Al Faraby adyndaky Gazak Milli uniwersitetindäki Žurnalistika we aragatnaşyk, R.B.Suleýmenowa adyndaky Gündogary öwreniş uniwersitetiniň ýanyndaky ylym we ruhy ösüş hem-de durnukly ösüş, Gazak – Nemes bilelikdäki uniwersitetindäki suw çeşmelerini dolandyrmak we Abaý adyndaky Gazagystanyň Milli mugallymçylyk uniwersitetindäki pedagogika boýunça ÝUNESKO kafedralarynyň we ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gazagystandaky we Türkmenistandaky hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça birnäçe ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de mundan beýläk-de kafedralaryň çäginde ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmekde esas boljak özara tejribeler alşyldy. Milli Federasiýanyň wekilleri ýurdumyzyň ÝUNESKO klublarynyň başlyklaryny özleriniň köpýyllyk we baý tejribesi bilen tanyşdyryp, federasiýanyň çäginde gurnalýan taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdylar we geljekde özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipleri hödürlediler. Türkmen wekiliýeti hem öz gezeginde ýurdumyzdaky ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işleri bilen öz kärdeşlerini tanyşdyrdylar. Çykyşlarda «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan, milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylan, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyzyň orun alan, täsin özboluşlylygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň giň mümkinçilikleri hakynda bellenilip geçildi. Arkadag şäherinde ýerleşýänAba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hereket edýän «Ahalteke - atlary parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynda alnyp barylýan işler bilen bagly söhbetler doganlyk halkymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Gunça Şamyradowa,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Takyk ulgam. All rights reserved. 2024